AhmeOnuň Iran häkimiýetleriniň gahar-gazabyna duçar bolmagy ýöne ýerden däldi. Ozaly bilenä Tähranyň häkimiýetleri Iranda azçylykda ýaşaýan halklaryň şol sandan Türkmenleriň jedid okuwlarda okip-ýetişmeklerini islemeýärdi, ikinjiden-de Dr. Ahmad Garadagly Türkiýe we Almanýada okip-işläp ýören wagtlarynda-da, Irana gaýdyp baranda-da, milli-jemgiýetçilik işler bilen meşgul bolýar.

Dr. Ahmat Garadagly

(1901-1977)


Ahmat Garadagly,1901-nji ýylda, häzir Türkmenistanyň çäkleriniň içinde ýerleşýän Esenguly obasynda orta ýagdaýly bir maşgalada dünýä gelýar. Dädesiniň ady Älke we ejesiniň ady Bagtygül, ol bu är-aýalyň ikinji ogly. Ahmat, 5-6 ýaşlaryndaka, Älke Haji Irana geçip Kümüşdefede ýerleşýär. Ahmat,özünden uly agasy Arazgylyç bilen bile, hem mektebe dowam edýär hem-de işläp maşgalasyna ýardam edýär.

   Älke Hajy dindar bir adam bolany üçin, ogullaryny molla berýär, olaryň ikisi-de din safaklaryny alyp arap dilini-de öwrenýärler. Ahmat 24 ýaşyndaka öz daýasy Söýünjalynyň gyzy Annabagta öýlenýär. Olaryň 1926-nji ýylda bir ogullary bolýar. Onuň adyna Hajy Muhammed dakýarlar. Ahmat,1927-nji ýylyn Maý aýynda, Kümüşdefeden Türkiýä tarap ýola düşýar (Nazdurdy Ýomut bilen bile). Ol, ilki Trabzon Mugallymçylyk Mektebine ýollansa-da, öz islegi bilen (şol ýyl), Konýa Mugallymçylyk Mektebine geçýär. 1932-nji ýylda bu mektebi gutarandan soňra ol, Ankaranyň Gazy Lisesine iberilýär (Abdyrahym Ýomut bilen bile). 1935-nji ýylda bu lisäni gutaran Ahmat, şol ýyl, Istanbul Universitesiniň Tip Fakültesine girýar we 1941-nji ýylda bu fakültäni gutaryp Almanýanyn Tübingen şäheriniň keselhanasynda Hirurg-jerrah bolup işläp başlaýar.

    1946-nji ýylda Türkiýä we 1947-nji ýylda-da Irana gaýdip gelen Ahmat şol ýyl Iranyň Fars welaýatynyň merkezi bolan Şiraz şäherine işe ýollanýar. Soňra ol, 1949-nji ýylda Kazerun we 1950-nji ýylyň ortalarynda Nişabur, 1953-nji ýylda Gonbed-Gabus, 1974-nji ýylyň ortalaryndada Gilan welaýatynyň merkezi bolan Reşt şäherlerinde işleýär.

   Reşt şäherinde işläp ýörkä, görme-görşe Gonbed-Gabusa baran wagty, Dr. Ahmat Garadaglini tutan Iran polisi ony 4 aýlap Gürgen şäherinde tussaglykda saklaýar, soňra-da Ýezd we Maşhad şäherlerine sürgüne ýollaýar. Ol, 1976-nji ýylda pensiýa çykarylýar. Dr. Ahmad Garadagly 1977-nji ýylyň 11-nji aýynyň 22-si güni 76 ýaşyndaka, Gürgen şäherinde aradan çykýar we Gonbed-Gabusda jaýlanýar.

Ahmet dädemiziň ýatan ýeri ýagty bolsun. Onuň Iran häkimiýetleriniň gahar-gazabyna duçar bolmagy ýöne ýerden däldi. Ozaly bilenä Tähranyň häkimiýetleri Iranda azçylykda ýaşaýan halklaryň şol sandan Türkmenleriň jedid okuwlarda okip-ýetişmeklerini islemeýärdi, ikinjiden-de Dr. Ahmad Garadagly Türkiýe we Almanýada okip-işläp ýören wagtlarynda-da, Irana gaýdyp baranda-da, milli-jemgiýetçilik işler bilen meşgul bolýar. Ol, Türkiýäniň Magarif wezirliginiň, asyl gelip çykyşlary Türk bolan,daşary ýurtly okuwçylara  berýän burslaryndan peýdalanyp, 1964-nji ýylda 15 sany Türkmensähraly Türkmen gyzy Türkiýäniň Istanbul şäherine okuwa ýollapdy. (Bu, Iran Türkmenlerinden Türkiýa okuwa giden 2-nji uly kerweni boldy). Onuň bu milli işi Tähranyň gaharyny getirdi.

  Türkmen gyzlarynyň hemmesi, Istanbul şäheriniň dürli mekteplerinde okidylar. Birnäçesi bolamasa, aglabasy öz okuwlaryny tamamlap ýa Irana gaýdyp gidip ol ýerde, ýa-da Türkiýe we Awrupanyň dürli döwletlerinde işläp-hyzmat edip ýörler. Dr. Ahmat Garadaglynyň başladan bu haýyrly işi soňraki ýyllarda-da dowam etdi.

   Merhum Dr. Ahmat Garadaglynyň bu haýyrly işinden, açan ýolundan peýdalanyp Türkiýede we Awrupanyň dürli döwletlerinde okip ýetişen we işläp ýören Türkmen aýdyňlary oňa "Iran Türkmenleriniň Medeni Serdary" diýen at berip ony hemişe minnet bilen agzaýarlar.

   Bu ýerde, merhum Medeni Serdarymyzyň bu haýyrly işine, Türkiýäniň şol wagtlarda Tährandaky ilçisi bolup işlän we soňra, Watikanda, Ermeni teröristleri tarafyndan urlyp öldürilen merhum Taha Jarimiň, ondan soňraky baş ilçi-edermen adam Nejdet Kentiň, şeýle-de ilçi hananyň müsteşar-sekretarlary ilhami Müreniň, Ibrahim Dijleliniň, Attaşelerden Ali Haýdar Diriöziň, Mehmet Turhan Deniziň, Ibrahim Göktürkiň we beýlekileriň görkezen ýardamlarynyň uly bolanlygyny agzap, hemmesine minnetdarlyk bildirmek borjymyzdyr.

Dr. Ahmat Garadaglynyň Iranda alyp baran şeýle mukaddes işine Türkiýeden Nazdurdy Ýomut bilen Abdurrahim Ýomudiň-da degerli ýardamlarynyň bolanlygyny bu ýerde agzap geçmegimiz gerek.

Çeşme: M.Kykyç. Dünýä Türkmenleri kitaby. Bursa 1997

نوشتن دیدگاه


تصویر امنیتی
تصویر امنیتی جدید

مطالب مرتبط:

کتابهای منتشر شده

آمار بازدید کنندگان

بازدید امروز : 560
بازدید دیروز : 863
بازدید هفته :1934
بازدید ماه :12126
بازدید کل :153356

شخصیت های مهم تورکمن

بیاد جانباختگان جنبش ملی تورکمن

  • توماج
    توماج
  • حاج محمد آخوندی
    حاج محمد آخوندی
  • جلیل ارازی
    جلیل ارازی
  • محمد اراز بهنام
    محمد اراز بهنام
  • حکیم شهنازی
    حکیم شهنازی
  • پرویز ایران پور
    پرویز ایران پور
  • سافارگل خالدزاده
    سافارگل خالدزاده
  • نورقلی پور
    نورقلی پور
  • سلیمان محمدی
    سلیمان محمدی
  • حمید یگن محمدی
    حمید یگن محمدی
  • عبدالله قزل
    عبدالله قزل
  • دورت لر
    دورت لر
  • رحمان بردی ندیمی
    رحمان بردی ندیمی
  • بهروز آخوندی
    بهروز آخوندی
  • انین گوگلانی
    انین گوگلانی
  • آرچا بصیری
    آرچا بصیری
  • قربان شفیقی
    قربان شفیقی
  • آتا خانجانی
    آتا خانجانی
  • حمید فرجاد
    حمید فرجاد
  • بهمن ایزدی
    بهمن ایزدی
  • توماجی پور
    توماجی پور
  • خدایبردی پنق
    خدایبردی پنق
  • صوفی زاده
    صوفی زاده
  • حاللی حاللی زاده (آلغیر)
    حاللی حاللی زاده (آلغیر)
  • عبدالرحمان دلاور اینچه برون
    عبدالرحمان دلاور اینچه برون

نظرات کاربران