Türkmenistanda gara reňkli maşynlary ulanmagy gadagan edenlerinden soň, ak reňkliden başga reňkli awtomobilleriň ählisinden dynmak kararyna geldiler.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, marta çenli goýy reňkli awtomobilleri welaýatlara satmak mümkin bolan bolsa, indi olary regionlarda hem hasaba almagy bes etdiler. Şu sebäpden paýtagtyň ýaşaýjylary maşynlaryny reňkletmäge mejbur bolýarlar.

Gyssaga düşen adamlaryň barha köpelmegi netijesinde bu hyzmatyň bahasy birden ýokary galdy.

Maşyn reňkletmegiň ortaça bahasy 18 000 manat – bu resmi kursda $5 143 ($1- 3,5 manat) ýa-da «gara bazarda” $1 125 ($1 -16 manat).

Uly bolmadyk hususy awtohyzmatlarda maşyn reňkletmek 8 000–14 000 manada düşýär, 4 000–6 000 manatly wariantlary hem tapmak mümkin. Emma, reňkiň hili pes bolýar.

Mundanam başga, paýtagtda ak reňkiň gytçylygy emele geldi. Eger-de iki aý ozal ak reňkiň 4 200 gram agramly bankasy (BAE-de öndürilen) 1 500 manat bolan bolsa, aprelde onuň bahasy bir ýarym esse gymmatlady. Hytaýda öndürilen has arzan reňkler hem bar.

Ortaça, reňkletmek möhleti bir aýa golaý wagt alýar. Ýeke-täk gazanjy adam gatnatmak bolan taksiçiler bu wagt içinde köplenç işsiz galýarlar.

Reňkledeniňden soň maşynyňy täzeden resmileşdirmeli, 12 manat täze tehniki pasport almaly. Resmileşdirmek üçin getirip, ulagyňy awtoduralgada goýmaly, diagnostika merkezinde bolsa, geçiş kartasyny resmileşdirýärler. Bu proses 30-40 minut alýar. Karta alnandan soň maşyny gözegçilik bölümine ugradýarlar, ol ýerde onuň kuzowa nomerini we motoryny barlaýarlar. Bölümiň başlygy bellik goýup, geçiş kartasyna gol çekýär. Munuň üçin gaýtadan nobata durmak zerur.

Soňra diagnostika merkeziniň başlygynyň goluny we möhürini almak üçin nobata durmaly. Onsoň eger-de maşyn eýesinde şu ýyl üçin ätiýaçlyk dokumenti ýok bolsa, bu dokumenti almaly. Onuň bahasy maşynyň zawoddan çykan ýylyna we motoryň möçberine baglylykda 50 manatdan başlanýar.

Soňra maşyn eýesiniň tizligi aşa ýokarlandyryp, bellige alnan ýerleriniň bar-ýokdugy barlanýar. Bu bölümde hemişe adam köp bolýar we hiç wagt guramaçylykly nobat bolmaýar. Şu sebäpden ýene garaşmaly bolýar we köp wagt ýitirýärsiň. Eger tizligi ýokarlandyran ýerleriň bar bolsa, jerime tölemeli.

Şondan soň maşyn eýesiniň awtoulagyny öz islegi esasynda reňkledendigini aýdyp, oňa täze tehniki pasport resmileşdirmegi sorap, DAI-niň başlygyna arza ýazmaly. Şeýle arza bolmasa, dokumentleriňi kabul etmeýärler. Resmileşdirmek üçin dokumentleri diňe sagat 1:30-a çenli kabul edýärler. Paç tölemek üçin diňe iki sany kassa işleýär. Şu sebäpden bu işleriň ählisini bir günde bitirip ýetişmek iş ýüzünde mümkin däl.

Eger-de maşyn eýesi ähli dokumentini bir iş gününiň dowamynda tabşyryp ýetişse, onda ol 18:00-dan soň tehniki pasportyny almaga barmaly we ýene birnäçe sagat nobata durmaly.

Tutuşlygyna alanyňda, dokumentleri resmileşdirmek uzaga çekýär we bulam-bujarlyk.Emma, maşyn eýelerinde başga çykalga ýok. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, belki-de Aşgabat şäherinde 25-nji maýa çenli paýtagtyň ýaşaýjylary diňe ak reňkli awtomobilleri görmeli bolarlar.

نوشتن دیدگاه


تصویر امنیتی
تصویر امنیتی جدید

کتابهای منتشر شده

آمار بازدید کنندگان

بازدید امروز : 168
بازدید دیروز : 688
بازدید هفته :6203
بازدید ماه :12740
بازدید کل :133458

شخصیت های مهم تورکمن

بیاد جانباختگان جنبش ملی تورکمن

  • توماج
    توماج
  • حاج محمد آخوندی
    حاج محمد آخوندی
  • جلیل ارازی
    جلیل ارازی
  • محمد اراز بهنام
    محمد اراز بهنام
  • حکیم شهنازی
    حکیم شهنازی
  • پرویز ایران پور
    پرویز ایران پور
  • سافارگل خالدزاده
    سافارگل خالدزاده
  • نورقلی پور
    نورقلی پور
  • سلیمان محمدی
    سلیمان محمدی
  • حمید یگن محمدی
    حمید یگن محمدی
  • عبدالله قزل
    عبدالله قزل
  • دورت لر
    دورت لر
  • رحمان بردی ندیمی
    رحمان بردی ندیمی
  • بهروز آخوندی
    بهروز آخوندی
  • انین گوگلانی
    انین گوگلانی
  • آرچا بصیری
    آرچا بصیری
  • قربان شفیقی
    قربان شفیقی
  • آتا خانجانی
    آتا خانجانی
  • حمید فرجاد
    حمید فرجاد
  • بهمن ایزدی
    بهمن ایزدی
  • توماجی پور
    توماجی پور
  • خدایبردی پنق
    خدایبردی پنق
  • صوفی زاده
    صوفی زاده
  • حاللی حاللی زاده (آلغیر)
    حاللی حاللی زاده (آلغیر)
  • عبدالرحمان دلاور اینچه برون
    عبدالرحمان دلاور اینچه برون

نظرات کاربران