• Türkmenistanly meşhur ýazyjy Akmyrat Şirow 1991-nji ýylyň 13-nji maýynda, gümürtük ýagdaýda Aşgabadyň Kino-studio binasynyň balkonyndan "ýere gaçyp" aradan çykdy. Türkmenistanyň aňtaw gullugy KGB, ony kölgesi ýaly yzarlap gelipdir. “Çawuş” lakamly bir näkesiň, merhum hakda KGB yzygiderli habar berip durupdyr (bu hakda köpräk bilmek üçin serediň NESIL gazetiniň 4 fewral, 1992 sanyndan, şahyr Amanmurat Bugaýewiň “Ak-Muhammet Welsapar sen kim?" diýen dokumental makalasyna)  

Ýadymda,  Akmyradyñ  Watana  dolanan  günleri  SSSR  diýen  imperiýa  soñky  günlerini  başdan  geçirýärdi.  Türkmen  kommunistleri  bolsa,  Moskwada  bolup  geçýän  zatlara  akyl  ýetirip  bilmän,  Aşgabatda  oturan  ýerlerinden  oda-köze  düşýärdiler.

Türkmen  intelligentsiýasy,  ýazyjylar,  hudožnikler  akyl-huşuna  gelip, ýuwaşjadan  janlanyp  başlapdy.  Gazetdir  žurnallarda  syýasy  äheñli,  ýiti  pikirleri  öñe  sürýän,  halkyñ  öz  ýoluny  özüniñ  saýlap  almalydygy  baradaky  makalalar,  nähili  ýol  bilen  nebit-gazyñ  hakyny  almak,  Watany  çig  mal  çeşmesi ýagdaýyndan  çykaryp,  öñde  baryjy  döwletleriñ  hataryna  goşmak  barada  meseleler  gozgalyp  edilýän  çykyşlar  peýda  bolýardy.

Aşgabadyñ  “Azatlyk”  prospektiniñ  ugrunda  ýerleşýän  “Köpetdag”  retoranynda döredijilik adamlarynyň  Azat türkmen  jemgyýetini  döretmek niýeti bilen  guran  ýygnanşygynda  Akmyrat  janygyp  gürläpdi.  Şonda  biziñ  köpimiz  Leningraddan  gelen  we  şol  ýerde  SSSR  Ýazyjylar  guramasynyñ  agzalygyna  kabul  edilen,  birnäçe  rusça  neşir  edilen  kitabyñ  awtory  bolan  ildeşimizi  ilkinji  gezek  diñleýärdik.

Biz  asla  onuñ  “Toýun  oglanjyk”  kitabyndan  başga  zadyny  okamandyk,  ol  barada  hiç  zat  bilemzokdyk.  Ýöne  nurana,  inçemik  at  ýüzi,  boýdan-başa  ak  geýnişi,  selçeñräk  owadan  sakgaly,  parahat  hem  sadalyk  bilen  garaýan  gözleri, meniň göwnüme bolmasa,  onuň aýdýan sözleriniň ýürekden çykýandygyna goşmaça bir delil ýalydy.

Ol  asla  belent ses bilen gürlemeýärdi, dilewarlyk satjak bolmaýardy,  köpbilmişsiremeýärdi.  Onuñ  äheñinden,  gepinden-sözünden  kalbynyñ  düýp-teýkaryndan  gaýdýan  akyl  ýetiriş  ukyplylygy,  edil  günüñ  nury  ýaly,  mese-mälim  duýlup  durdy.  Beýle  intelligentlik  biziñ  akyla we analize derek gykylyga we demagogiýa köp  duşýan  jemgyýetimize  ýetmeýän  zatdy.  Biz  derrew  gaharlanýardyk,  sesimizi  gataldýardyk,  ýa-da  ýüzümizi  kürşerdip, ähli  sabyrsyzlygymyzy,  dargursaklygymyzy  daşymyza  çykarýardyk.

Dogry,  o mahal biz  birden  diýen  ýaly  peýda  bolan  erkin  şemala,  başymyz  aýlanan  ýaly,  göterilýärdik  hem  bu  ajaýyp  döwrüñ  uzak  dowam  etmejegini  añýan  ýaly  howlugýardyk.  Emma bu ýerde howlugyp aljak galañ ýokdugyna  welin  ýeterlik  düşünmeýärdik.

Akmyrat  bolsa,  öz  rahat  durmuşyndan,  Newa  derýasynyñ  ýakasyndaky  ajaýyp  şäherden  hut  şeýle  howlukmaçlyk  bilen  gelenem  bolsa,  özi  dymyp,  bizi  diñleýärdi,  diñe  şondan  soñ  öz  pikirlerini  aýdýardy.

Şol  “Köpetdag”  ýygnanyşygyndan  soñ,  aramja  damjalaýan  ýagşyñ  astynda  Akmyrat  bilen  ýöräp  gelşimize,  men  onuñ  halk  üçin,  onuñ gelejegi  üçin  biziñ hemmämizden  kän  alada  edýändigine,  alñasaýandygyna  düşündim.  Şondanam  biziñ  kän  bir  bildirgisiz,  ýöne gaty gysga bolan  dostlugymyz  başlandy.

Ol  käte meniň iş ýerime gelip, öz  ýüregini  çişirýän  zatlar,  bile-göre  ýalñyş  edilýän  işler,  ownuklyk,  görüplik,  gep-gybat  barada  ýanyp gürrüñ  ederdi.  Ýöne  ol  hiç  zeýrenmezdi,  aýdýan  zadyny  gysga,  ýöne  ömür  ýadyñda  galar  ýaly  edip  aýdardy.  Bu  bolsa  asla  zeýrenç  bolmaýardy-da, ýüregiñ sesi, paýhasyñ  duýduryşy  ýaly  bir  zat  bolup  eşidilýärdi.

“Köpetdag” restoranyndaky  ýygnanyşyga  gatnaşanlaryñ  ýadyndadyr, şondan  soñ  KGB erkin  pikirliligiñ  garşysyna bir topar çäre  görüpdi.  Bu çäreler soñy bilen  erkin  pikirli  ýaşlaryň,  ýazyjylardyr  hudojnikleriň kem-kemden gyra çekilmegine,  yolbaşçy  kürsülerde  oturan  adamlaryň bolsa, uçdantutma diýen ýaly ogurlyga ýatmagyna getirdi.

Akmyrat  Şir  türkmen  jemgyýetçiliginiñ  arasynda  birden  peýda  bolşy  ýaly,  birden  hem  gaýyp boldy. Ony  öz  dogduk  obasyna,  ata-babalarynyñ  ýatan  Işanrabat gonamçylygyna  alyp  gitdiler.  Biz  bolsak,  Akmyradyñ  Aşgabat  şäherindäki  öý-ojak  tutunan  ýerinde,  mikroraýon  jaýynyñ  öñündäki  meýdançajykda  gözümizi  ýaşlap  galdyk . . .

Men  Akmyrat  baradaky  şu  ýazgylary  kän  wagtlap  ýazyp  bilmän  geldim,  birden  bir  bijaý  söz  ýazyp,  onuñ  ruhuny  ynjydaýmaýyn  diýip  gorkdum.  Asla  onuñ  aramyzda  ýokdugyny,  onuñ  ýoklugynda  ýatlama  ýazmaly bolýandygymy  boýun  alasym  gelmedi.  Ýöne  wagt  bar  zady  boýnuña  goýýan  eken.  Akmyradyñ  oýulup  galan  ýeri,  edebiýatda  etmeli  işleri  bolsa,  onuñ ýokdugyny  her  gün,  her  sagat  duýdurdy  durdy.  Biz,  ýaş  ýazyjylar  Akmyratda  öz  edebi  liderimiziň we egindeşimiziň  keşbini görüpdik, emma  bu  liderligiň we egindeşligiñ  geljekde özümiz üçin  şeýle  zerur  boljagy, emma onuň hiç tapylmajagy  barada  pikir  etmändik.

Şahyr  Gurbannazar  Ezizow  öz  wagtynda  edebi  liderligi  gaýtalap  bolmaz  derejede  döredip gidipdi. Gurbannazardan  soñky  şahyrlar  onuñ  mesaña  yzy  bildirip  duran  edebi  medeniýetine  maýyllyk  bilen  ýaşaýardylar, ondan güýç-gurbat alýardylar.  Ezizowyñ  döredijiligi  türkmen  edebiýatynda  uly  bir  basgançagy,  täze  galkynyşy,  derejäni,  ösüşi  alamatlandyrypdy.  Ýöne  Gurbannazaryñ  döwri  başga  döwürdi,  onuñ  döredijiliginde  Lenin  temasy  hem,  Stalin bilen Hitleriň syýasy däliliginiň we adamhorlugynyň netijesi bolan II Jahan Urşy hem  esasy  temalardy.  Wagt  bolsa, eýýäm leninçiligiñ hem, sowet watançylygynyñ hem  näderejede galplyk bilen gurşalandygynyñ üstüni  açyp  ýöpdi.

Ine,  şu  döwürde-de  Akmyrat  Şiriñ  kyssasy  biziñ  nazarymyzy  egläpdi,  onuñ  özi  peýda  bolupdy.  Indi  edebiýat  diñe  bir  edebiýat  däldi,  eýsem,  syýasatdy  hem.  Indi  biz  edebiýatda  diñe  bir  döwlet  ideologiýasynyñ  çäginde  pikir  ýöretmäge  kaýyl  däldik,  erkinligi,  azatlygy,  milli  ideýalary,  demokratiýany  dabaralandyrmak  meýlimiz  bardy.

Akmyrat  Şiriñ  döredijiliginde biziñ  erkinlik  meýlimize  gabat  gelýän  ruh  bardy.  Ol  türkmen  obalary,  olardaky  ýaşaýyş,  ýaşlaryñ  arasyndaky  gatnaşyk  barada  türkmen ýazyjylaryna gaty  bir  mahsus  bolmadyk  täzeçillik,  açyklyk  bilen  ýazýardy; gyz-oglanyñ  arasyndaky  gatnaşyklary,  maşgalada  bolup  geçýän  zatlary  socialistik  realizmiñ  ýa-da  şol  realizmi  wagyz  edýän  edebi tankydyñ  nazarýetine  beýle  bir  gabat  gelmeýän  hörpde  beýan edýärdi.

Bu  eýýäm  edebiýatda  dowam  edýän  ýasamalygyñ,  galplygyñ,  göwnüňdäkini,  bar  zady  däl-de,  talap  edilýän  zady  ýazmagyñ  soñunyñ  gelýänligini  añladýan  bir  alamatdy.  Akmyrat  Şiriñ döredijiligindäki  täzelik  ruhy  rus  hem  ýewropa  edebiýatyndaky  öñdebaryjy  äheñleriñ,  tendenciýalaryñ  milli  formada  şöhlelenmesi  ýaly  bir  zatdy.  Onuñ  terbiýesi, okuwy biziňkä garanda has ýokarydy, edebi  medeniýeti,  tejribesi  uludy.

Akmyrat  Şir  türkmen  okyjysyna  düýpden  tanyş  däldi  diýsek  ýalñyş  bolar.  Heniz  Akmyrat  Watana  dolanmanka  hem  biz  ol  barada  eşidýärdik,  Moskwa,  Leningrada  gidip  gelen  ýazyjylar  rus  edebi  jemgyýetçiliginde  Akmyrat  Şirowyñ  adynyñ  uly  hormat  bilen  tutulýandygyny,  onuñ  gelejegine  uly  umyt bildirilýändigini  buýsanç  bilen  gürrüñ  berýärdiler.

Soñ  biz, başda hem aýdyşym ýaly,   Akmyradyñ  özi  bilen  ýakyndan  tanyş  bolduk,  onuñ  eserlerini  ilki  rus  dilinde,  soñ  bolsa  türkmen  dilinde  hem  okap  başladyk.  Sebäbi  şol  döwürde  “Ýaşlyk”  jurnaly  Akmyradyñ  eserleriniñ  terjimesini  çap  edip  başlapdy. Ol bir gezek maňa  türkmençe  ýazasynyñ  gelýändigini,  öz  zatlaryny  özüniñ  terjime  edesiniñ  gelýändigini, emma indi muňa wagtynyñ  azdygyny  aýdypdy;  ýazasy  gelýän  zatlaryna  şeýle-de  ýetişip  bilmeýändigini, rusçadan türkmençä geçmegiň bolsa, ilki bilen-ä kyn boljagyny, soňam  esli wagt aljagyny   boýun  alypdy.

“Türkmenistan”  neşirýaty  Akmyradyñ  eserlerini  rus  dilinde  çapdan  çykaranda,  dogrusy,  biziñ  begenjimiziñ  çägi  bolmandy.  Biz  türkmen  kyssasynyñ  täze  hem  gujurly,  rus  dilinde  ruslaryñ  özünden  asla  kem  ýazmaýan  wekiliniñ  peýda  bolanyna  buýsanýardyk.  Akmyradyñ  gahrymanlaryny,  türkmen  obalaryndaky  päkligi,  Baky  we  Merýem  obrazyny  bolsa,  türkmen  kyssaçylygyndaky  täze  bir  dereje  hökmünde,  türkmeni  nädip  açmalydygynyñ  mysaly  hökmünde  ýüregimizde  göterýärdik.

Soñ,  1992-nji  ýylda  täze  dörän  “Ruh”  neşirýaty  Akmyrat  Şiriñ  “Älem  ruhy”  powestini  türkmen  dilinde  neşir  etdi.  Bu eserde  gürrüñ  rus  durmuşy,  rus  adamlary  barada  gidýärdi.  Powestiñ  baş  gahrymany  Tanýa  atly  rus  gyzydy.  Wakalar  bolsa,  türkmene  o  diýen  tanyş  bolmadyk  ylmy  institutyñ  içinde  we  daşynda,  sowet  ýyllarynda   üstüne  kän  gum  sürlen  jadygöýlük  ylmynyñ  töwereginde  bolup  geçýärdi.  Akmyradyñ  bu  eseri  rus  okyjylarynyñ,  edebi  tankytçylarynyñ  arasynda-da  uly  jedel  döredipdi,  powest  gysga  wagtyñ  içinde  iki  gezek  neşir  edilipdi.

“Älem  ruhy”  powesti  birbada  çuññur  ylmy  powest  ýaly  bolup  görünýän-de  bolsa,  onuñ  gahrymanlarynyñ  biri  Spartak  Mahmudowiç  Ipatow  okyja  o  diýen  düşnükli  bolmadyk  zatlar  hakynda  gürrüñ  edýän-de  bolsa,  ahyrynda  eser  çylşyrymlylykdan  ýönekeýlige  gelýär  we  pikiri,  ideýany  şeýle  bir  sadalyk  bilen  açýar  welin,  esli  wagtlap  bu  eseriñ  täsirinden  çykyp  bilmän  gezýärsiñ.  Ilki  bilen  aýtmaly  zat,  ýazyjynyñ  juda  çynlakaý  hem  çuñ  pikir  edýänligidir.  Bu  powest  Akmyrat  neressäniñ  özüne,  öz  ruhy  dünýäsine  şeýle  ýakyn  eser,  birbada  çylşyrymly,  çuñ,  ýöne  şonuñ  bilen  birlikde  örän  sada  hem  ýönekeý.

Powestiñ  baş  gahrymany  Tanýa  praktikant  gyz,  ol  ýañy  durmuşyñ  çetinden  girýär.  Onuñ  arassalygy,  sadalygy,  asla  durmuşa  taýyn  däldigi  başky  hereketlerinden  hem  görnüp  dur.  Ýazyjy şu sadalygyñ hem arassalygyñ garşysyna  eýýäm  uly  durmuş  tejribelerini toplan  hem  şeýtana  sapak beren diýen derejä ýeten  Ipatowy,  ylmy-barlag  institutynyñ orta  ýaşan  işgärini  goýýar.

Ipatowyñ  edýän  gürrüñleri,  geçirýñn  tejribeleri  Tanýa  hem onuñ  jorasy  Maşa juda  gyzykly  bolup  görünýär.  Ýöne  Ipatowyñ  ahlak  hakyndaky  ilki  biraz  üsti  örtülen,  soñ  bolsa  has  açyk  hem  bihaýalyk  bilen  beýan  edilýän  pikirleri  dura-bara Tatýananyñ gözüni  açýar.  Tanýa  özüniñ  aldananyny  bilýär.  Emma  Ipatow  şeýle  aldawdan  hem  aldan  her  bir  adamyñ  geçmelidigini,  bu  durmuşda  arassa  ýaşamagyñ  mümkin  däldigini,  arassa  ýaşamagyñ  kyndygyny  ynandyrjak  bolmasyny  dowam  edýär.  Ine,  biziñ  pikirimizçe,  ýazyjynyñ  ruhy,  ýagny  ähli  pikir-ündewi,  kalp  maýasy  hem  şu  ýerde!

Gep  ol  ýa-da  beýleki  milletde, milli çygyrlarda, häsiýetde  ýa  ganda  hem  däl,  gep  bütin  adamzat  ýaşaýşynyñ  özenlerini  kesgitlemekde.  Bu  özende  adam, göräýmäge, bir kemsiz   ýaşap  gelýär,  ýöne  ony  her  döwür  bir  hili  ýagdaýa  salýar.  Adam  özüne,  öz  kalbynyñ  çuñundan  gaýdýan  arassalyga,  päklige  ynanmalymy  ýa-da  töwereginde bolup  geçýän hapaçylyklara uýgunlaşmaly?  Ýazyjy  şeýle  soragy  keserdip  goýýar.

Akmyradyñ  durmuşdaky  hapaçylyklara  öwrenişmeli,  adamyñ  her  bir  edýän  hereketi,  eger  ol  şoña mejbur  bolýan  bolsa  ahlaklylykdyr  diýýän  gahrymany  Ipatow  öz gürrüñdeşlerinden: “Sen düýşüñde uçýañmy?”  diýip  soraýar.  Eýsem bolsa,  bu  mesele  ylmyñ  öñräkden  öwrenýän  obýekti  bolup  durýar.  Ýöne  şeýle  ylmy  derñewlerden  daş  adam  bu  soraga  birbada  tisginýär.  Sebäbi  diýseñ,  her  bir  adam  ýaşlykda,  esasan  hem  çagalyk  ýyllarynda  düýşde  asmana  göterilmek,  uçmak  diýen  zady  kän  gezekler  başdan  geçirýär.

Islendik  adam  eneden  ap-akja  bolup  dogýar,  ýüregi  ýarylan  ýaly  aglap  gelýär.  Sebäbi  gelinýän  ýer oña  nätanyş,  gorkuly.  Ol  ozal  ene  garnynda,  bu  ýagty  dünýeden  üzñe  bir  ýerde  daşy  gabalgy  ýatyr.  Ýöne  ol özüniñ  ýaşaýyşa  gelýändigine,  gelmelidigine,  düşünmeýär.  Bir  günem  şol  düşünmeýän  dünýäsine  gaýyp  düşýär.  Şondan  soñ  çaganyñ,  ynsanyñ  kalbynda  kän-kän  özgerişler  bolup  geçýär.  Ol  öz  çaga  päkligi  bilen  asmana – asmana  göterilip  gidýär.

Soň  durmuş  ýowuzluklary  ony  ýowuzlyga  itekleýär.  Adamyñ  çaga  ýüregi  gataýar,  rehimsizleşýär.  Hatda  käte  daşa-da  dönýär.  Ýöne  bu  durmuşda  daşa  dönen  ýürek  bilen  ýaşamak  mümkin  däl.  Daşa  dönen  ýürek,  şeýle  ýürekleriñ  ýeke  däldigine  garamazdan,  ýeke  ýürekdir,  ýalñyzdyr.  Ýalñyzlyk  bolsa,  Akmyradyñ  Ipatowynyñ  başyndan  inişi  ýaly,  her  kimiñ  başyndan  inip  biler.  Şonda ony daş  ýürek bilen,  töwerekdäki  hapaçylyklara  uýgunlaşan  hem  şol  hapaçylyklaryñ  ýörelgesi  bilen  ýaşan  ýürek  bilen  çekmek  mümkin  däldir.

Elbetde,  meniñ  gürrüñlerim  Akmyrat  Şiriñ döredijiligi  bilen  tanyş  bolmadyk  adamlar  üçin o  diýen  düşnükli  däldir.  Şonuñ  ýaly-da,  türkmen  edebiýatynyñ  şu  günki  ýagdaýy  bilen  tanyş  bolmadyk  adamlar  hem  bu  gürrüñe  gereginçe  ähmiýet  bermezler.  Ýöne  başga  bir  hakykatam  bar,  edebiýat  käte  bütin  bir  halkyñ  ruhuny,  islegini,  hatda  gelejegini  hem  kesgitläp  bilýär.

Sergeý  Ýeseniniñ inçe  lirizme  ýugrulan  goşgulary  rus  halkynyñ  kalp  aýdymydy.  Wladimir  Wysockiniñ  aýdymlary  bolsa  şol  aýdymyñ  belli  bir  derejedäki  dowamy  bolup  ýañlandy.  Türkmenlerde  bolsa,  edebiýat  işi,  söz  senedi  ýowuz synaglara  uçrady.  Ýigriminji,  otuzynjy  ýyllardan  başlanan  demir  gysaç  edebiýaty  ne  eýläk,  ne-de  beýläk  butnatdy.  Ine,  ýañam  täze bir  eýýýam başlanypdy.  Gurbannazar  Ezizowyñ,  Halyl  Kulyýewiñ,  Nury  Halmämmedowyñ  döwri  gelipdi.  Ýöne  bu  döwür  edebiýatymyz  hem  sungatymyz  öz  galmaly  belentligine  doly  galyp  bilmedi.  Annasoltan  Kekilowa  ýaly  zehin  öçüp  galdy.

Garaşsyzlygyñ  öñ  ýanlarynda,  ondan  soñ  dörän  az  salymlyk  erkin  döwürde  bolsa,  juda  köp  zatlara  umyt  döreden  galkymlar  göründi.  Bapba  Gökleñiñ  şygyrlary,  Akmyrat  Şiriñ  kyssasy  ýañy  okyjylara  ýetip  başlapdy.  Türkmen  edebiýatynda ideologiýa ugry, ýöntemlik  yza  süýşmelidi. Konýunktura, çemeçillik,  döwrüñ  talap  edýän polojitel  gahrymanynyñ  obrazyny  döretmek,  liriki  gahrymanyñ  gaýduwsyz  obrazy  we  beýlekiler  baradaky  talaplar  taşlanmalydy.  Ýöntem  dialoglarda  gahrymanyñ  berk  poziciýasyny  beýan  eden  bolmak  ýaly,  wakalaryñ  çuñ  social  köküni  açmazdan  akyl  satmak  ýaly  ýarymçyklyklar  ret  edilmelidi…

Akmyrat Şiriñ  ýazyjy  hökmündäki  ruhy  hut  şu  nogsanlyklara  garşy  döräýen  ýalydy.  Onuñ  gahrymanlarynyñ  dialogy  çuñdy,  pikir  etdirýärdi.  Hatda  onuñ  gahrymanlarynyñ  tobasy,  boýun  almalary  hem  üýtgeşikdi,  ýürege  ýakyndy.  Onuñ  gahrymany  “YHLAS  BILEN  ÜSTI  ÖRTÜLEN,  GÖZE  GÖRÜNMEÝÄN  URUŞ  BARÝAR”  diýende örän we örän mamaldy.  Adam  şol  urşa  girip,  ýeñilmejek  bolup  ýeñilýärdi.  Şol  urşuñ  adalatsyzlyklarynyñ  içinde  adalatsyzlyga  uýgunlaşýardy  we  öz  kalbyndaky  arassalyklary, hakyky  ynsançylyk duýgularyny harap edýärdi  hem-de  durmuşyñ  adamlar tarapyndan döredilen kynçylyklarynyñ  öñünde  ýeke-ýalñyz  galýardy.

Ýazyjynyñ  ruhy  “betbagtlyga  uçranlar  nirä,  haýsy  ýana  ýüz  tutmaly? diýip  soraýar. “Añyrsyna  ýetdirenler  näme  etmeli?  Olara  kim  ýardam  eder?  Adamlaryñ  şahsy  betbagtlygy  bilen  haýsy  edara  meşgullanýar?” “Adamlar  öz  durmuşlaryny  özleri  dowzaha  öwürýän  ejizje    mahluklarmy  ýa-da  olar  bu  ýagdaýdan  bir  netije  çykarmaga  ukyplymy?  Müñlerçe  we  müñlerçe  adamyň öz  janyna  kast  etmegine kim günäker?  Bir  sebäpkär  bolmalydyr  ahyryn?  Bu  gülläp  ösmeklig-ä  däldir,  heläkçilige,  betbagtçylyga  jogap  ýokmy?”

Akmyrat  Şiriñ  ýazyjy  ruhy  öz  gahrymanynyñ  içki  dünýäsi  bilen  birleşýär.  Onda  ne  bir  otrisatel,  ýagny  ýigrenji  “gahryman”,  ne-de  polojitel,  päk  ýürekli  gahryman  bar,  olaryñ  hemmesi  onuñ  üçin  deñ  hem  ýalñyşýan  adamlar.  Ýöne  ýalñyşlyk  adamy  gutulgysyz  bir  ýagdaýa  salmaly  däl  ahyryn.  Ine,  Tanýa  etekde  ýatan  zibilhananyñ  üstünden  barýar,  üstüni  gar  basan  zibiliñ  içinde  ýemşik-ýumşuk  bolan  maşynyñ  kabinasy  çalaryp  görünýär.  Ol  şeýle  bir  ýenjilipdir  welin,  barmak  basar  ýalam  abat  ýeri  galmandyr.  Tatýananyñ  göwnüni şol  maşyna  meñzedip,  ýazyjy  öz ruhuny  ýagdaýyny beýan  edýär.

Çisñäp  ýagyş  ýagýar,  ýazyjynyñ  ruhy  bolsa,  gahrymany  bilen  entäp  ýörşüne,  piwo  satylýan dükanjygyñ  üstünden  barýar.  Adamlar  hapaçylykda  oturan  ýerlerinden  piwo  içýärler,  serhoş  bolup  yranjyraşýarlar.  Tatýananyñ  hem  piwo  içesi  gelýär,  özüni  unudasy  gelýär,  emma  hapaçylyga,  serhoşlaryñ  porsy  ysyna  çydaman  yza  dönýär.

Eseriñ  pikir  kulminaciýasy  ýa-da  düýp  manysy  hem  şu  ýerdemikä  diýýärin. Adam  hapaçylykdan,  özüni  harlamakdan  yza  dönmeli.  Onuñ  üçin  iñ  ýokary  hakykat  şundan ybarat.

“Öz  töwereginden  daş  durmaly  däl  ekeni.  Goldaw-ýardamdan  aýrylyşasyñ  gelmese,  öz  topragyñdan – gögeren ýeriñden    daş  düşmeli  däl  ekeni.  Ruhy  iýmitinden  kesilmejek  bolsañ,  hudaýyňdan  daş  düşmeli  däl  ekeni.  Men  ýokary  hakykata  barýandyryn  öýdüpdim,  emma  özümi  ýok  etmäge  barýan  ekenim . . .”

Bu  gara  jadygöý  Ipatowyñ  tobasy,  ýöne  ýazyjy  muny  bütin  bir  jemgyýetiñ  nazary  hökmünde  öñe  sürýär,  onuň şeýle  nazarýet  hökmünde  kabul  edilmegini  isläp  ýanjaýar.  Ýogsa,  bir  ýa  iki  adamyñ  ýalñyşany  bilen  we  özüni  ýeriñ göbegi  hasaplany  bilen  jemgyýete  hiç  bir  howp  abanmaýar,  gep  şeýle  ýowuz  keseliñ  her  bir  adama,  her  bir  jemgyýete  ýokuşmaga  ukyplylygynda.  Piwo  dükanjygynyñ  hapaçylygynda  oturyp  piwo  içýän  adamlar  şol  hapaçylygy  özleri  döreden  adamlar.  Olar  öz  yzlaryny  süpürjek  däller,  arassaçylyga  gadyr  goýjak  däller.  Şonuñ  üçinem  olar  hapanyñ  içinde  oturmany  hiç  zatça  görmeýärler.  Ýöne  durmuşdaky  hapaçylyklar  diñe  piwohananyñ  içindäki ýa töweregindäki  hapaçylyklar  bilen  çäklenmeýär.  Ol  seniñ  hapaçylyga  kaýyllygyña  görä  artyp  hem  harman  ýasap  gidip  otyr.

Hapaçylygyñ  içinden  geçip,  ýene  hapaçylyga  gaýdyp  gelmek  hem  bar.  Oña  öwrenişýänlerem  ýeterlik.  Ýöne  ýazyjynyñ  düýp-teýkary  bilen  hapaçylyga,  ejizlige,  nalajedeýinlige  garşy  ruhy  beýle  öwrenişmäni  ret  edýär.  “Sen  üýtgäpsiñ,  sen  indi  başga”  diýip,  Tatýana  ýol  ugrunda  gabat  gelen  ýaş  ýigit  aýdýar.  Tatýana  bolsa  oña:  “Gepem  şonda”  diýip  jogap  berýär.

Hawa,  gepem  şunda.  Adam  üýtgemeli,  ol  hapaçylyga,  aldaw- hilelere,  öz-özüñi  ahlaksyzlyga  öwrenişdirmäge  kaýyl  bolmaly  däl.  Ol  hapaçylykdan  soñam  ýene  öñki  päkligine,  arassalygyna  gaýdyp  gelip  biler.  Birneme  ýowuzlaşar,  gatar,  endamyny  hem  berkider,  häsiýetini  hem.  Emma  munuñ  asla  zyýany  ýokdur,  gep  asyl  päkligiñe,  zandy  arassalygyña,  hakyky  ynsan  bolup  ýaşamaga  gaýdyp  gelmekdedir.  Sebäbi  diýseñ,  gep  seniñ  haýsydyr  bir  ylmy  institutda  ýa-da  mekdep  çagalarynyñ  gykylygynyñ  içinde  işläniñde  däl,  gep  adama mahsus  arassa  duýgularyña  wepalylykda.  Ata-babalaryñ  päkligine  wepalylykda.

Akmyradyñ  ýazyjy  ruhy  mende  şeýle  pikirleri  oýarýar  we  mydama  belent  duýgulara, gowy, dürs adam bolup galjak bolmaga, adamkärçiligimi saklamaga  itergi  berýär.

Galkan Balkan ogly (aşgabatly ýazyjynyň edebi lakamy).

https://tm.hronikatm.com/2013/02/ir-suynen-yyldyz/

 

نوشتن دیدگاه


تصویر امنیتی
تصویر امنیتی جدید

کتابهای منتشر شده

آمار بازدید کنندگان

بازدید امروز : 197
بازدید دیروز : 226
بازدید هفته :4064
بازدید ماه :10337
بازدید کل :112999

شخصیت های مهم تورکمن

بیاد جانباختگان جنبش ملی تورکمن

  • توماج
    توماج
  • حاج محمد آخوندی
    حاج محمد آخوندی
  • جلیل ارازی
    جلیل ارازی
  • محمد اراز بهنام
    محمد اراز بهنام
  • حکیم شهنازی
    حکیم شهنازی
  • پرویز ایران پور
    پرویز ایران پور
  • سافارگل خالدزاده
    سافارگل خالدزاده
  • نورقلی پور
    نورقلی پور
  • سلیمان محمدی
    سلیمان محمدی
  • حمید یگن محمدی
    حمید یگن محمدی
  • عبدالله قزل
    عبدالله قزل
  • دورت لر
    دورت لر
  • رحمان بردی ندیمی
    رحمان بردی ندیمی
  • بهروز آخوندی
    بهروز آخوندی
  • انین گوگلانی
    انین گوگلانی
  • آرچا بصیری
    آرچا بصیری
  • قربان شفیقی
    قربان شفیقی
  • آتا خانجانی
    آتا خانجانی
  • حمید فرجاد
    حمید فرجاد
  • بهمن ایزدی
    بهمن ایزدی
  • توماجی پور
    توماجی پور
  • خدایبردی پنق
    خدایبردی پنق
  • صوفی زاده
    صوفی زاده
  • حاللی حاللی زاده (آلغیر)
    حاللی حاللی زاده (آلغیر)
  • عبدالرحمان دلاور اینچه برون
    عبدالرحمان دلاور اینچه برون