semenfr001 44 full

Sowet Totalitar düzgüniň halkymyzyň üstüne inderen belabeterleri sanap tükederden köp. Aslynda-ha, bu düzgüniň gurluşy şeyledi ahyryn: ol gara ak diýmeli, aga-da-gara.

Türkmen özüniň Garaşsyzlygyna eye bolanyndan başlap, asudalygyň, adalatlylygyň sergin şemaly öwsüp başlanyndan soňra, ol düzgüniň hakykatdan hem buyruk bilen ak zatlara gara diýdirendigine indi-indi göz yetirip yörüs.

1952-nji ýylda döredijilik adamlarynyň üstüne abanan gara buludyň nähili zeleller ýetirendiginden barymyz habarly. Bu bulut «Gorkut ata» eposymyz taýýarlanlaryň üstüne labyryny atypdy. Birnäçe halk aýdymdyr sazlarymyz gadagan edilipdi. Aşyr Kulyýewiň «Yusup-Ahmet» operasynyň üstüne hem şol buludyň kölegesi düşeni zerarly ýatyrylypdy. Häzir 80 yaşdan geçen ýaşuly mpozitorymyz başyny ýaykayar-da: «Näme sebäpden beyle edilendigini maña düşündiren adam bolmady, diñe teatryň sahnasynda gaýdyp goýulmaly däl» diydiler.

Ynha, biziň elimizde şol döwürde gadagan edilen eseriň ýene-de biri. Bu şahyr Gurbandurdy Gurbansähedowyň goşgusyna ussat sazandamyz, mukamçy kompozitor Pürli Saryýewiň döreden «Türkmensiñ» diyen aýdymy."

Gurbandurdy aga bu goşgusyny 1944nji ýylyň noyabr aýynda Moskwada yazypdyr. Soňra bu goşgyny özüniň 1947-nji ýylda çykan «Soldat gaýdyp geldi» atly kitabynyň 49-njy sahypasynda ýerleşdiripdir.

Goşgy döredilenden 8 ýyl soňam, ýagny 1952-nji ýylda-da gadagan edilipdir. Diýmek, Pürli aga-da bu goşgyny şol döwür aralygynda aýdyma öwrüpdir. Yaşuly sungat wekilleriniň gürrüň bermeklerine görä, aýdymy, esasan, Türkmenistanyň halk artisti, bagşy Giçgeldi Amanow ürç edip aýdar ekeni. Aýdymyň mehaniki yazgysyna ne radiomyzyň fondunda, ne-de merkezi arhiwimiziň kinofotofonodokumentler bölüminde gabat geldik. Ol yazgylaryň bir yerlerde gizlenip yatan bolaýmagy gaty ahmal. Onuň heňini halypa sazandamyz A.Ablyýewiň kömek bermegi esasynda täzeden mehaniki yazga geçirdik, yazgylaryny döretdik, ony hem halkymyzyň dykgatyna ýetirmekligi makul bildik.

Gurbandurdy aganyň, «Türkmensiň» atly goşgusyny okayarsyň welin, «Goşgyny nämä esaslanyp gadagan etdilerkä?» diyen soragyň jogabyny gözleyärsiň. Dogrusyny dogry aýtsam, meniň özüm-ä, bu goşgudan pikirlenip pikirlenip, şübheli zady tapyp bilmedim. Yogsa-da bize Garaşsyzlygyň erkin şemalyndan dem alyp ýörenlere şeyle görünýän: bolmagy mümkin. Belki, şol döwürde Gurbandurdy aganyň we Pürli aganyň bu eseri kimedir birine yaramadyk bolmagy mümkin.

Bu aýdymyň ýetişip gelýän bagşylaryň repertuaryna berk ornaşjakdygyna men-ä ynanyaryn. Bu goşguda yöredilýän pikir şu günüň ruhuna laýyk gelýär. Bu aýdymyň täzeden dikeldilmegi bolsa üstümizdäki ýylda 100 ýaşy dolyan halypamyz, Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Pürli Saryýewe, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Gurbandurdy Gurbansähedowa halkymyzyň öňündäki bitiren hyzmatlary üçin ýene-de bir gezek eden hormatymyz bolar diýip pikir edýärin.

Aýdymy dikeltmekde bize ýardam beren halypa sazandamyz, Pürli aganyň şagirtleriniň biri A.Ablyýewe, Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň dosenti. B.Gutlymyradowa saz sungatymyzy, poeziyamyzy söyüjileriň adyndan minnetdarlyk bildirmekligi özümiziň borjumyz hasaplaýarys.

Çaryýar JUMA,

Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.


 

            TÜRKMENSIŇ

Goşgusy Gurbandurdy GURBANSÄHEDIŇKI.

Sazy Pürli SARYNYŇKY.

 

Tarypyň bar, halkym, taryp eýläýin,

Sary ýayyň kirşin çeken Türkmensiň,

Hakyň bar, haklysyň, adyň toýlaýyn,

Gyrat bilen jülge söken Türkmensiň.

 

Her yigidiň taýdyr yüz-müň duşmana,

Il haky üçin olar dözýärler jana,

Her kes gadam goýsa, bu hanymana

At üstünde başyn kakan Türkmensiň.

 

Siziňkidir ol mertler - Yusup, Görogly,

Göroglyň tayy bar müň murty towly,

Hak işdir maksadyň, hakyňky şowly,

Hak göreşde mydam ýykan Türkmensiň.

 

Söweşde yeňmeklik saňa adatdyr,

Duşmana baş egmek taryhy ýatdyr,

Gelse her kes, yöne bir gury atdyr,

Watan üçin sen gan döken Türkmensiň.

 

Owazyň seň gelýär gat-gat uzakdan,

Söweş bilen sen gutuldyň duzakdan,

Doganyň bar özbek, rus, gazakdan,

Gül bakjaňa Ýeňiş eken Türkmensiň.


Gurbandurdy Gurbansähedow

(1919 – 1992)

ÖMRI

http://gollanma.com/wp-content/plugins/highslide-integration/highslide/graphics/zoomin.cur"), pointer !important; box-shadow: rgb(221, 221, 221) 0px 0px 5px 2px;">Şahyr, prozaçy hem-de dramaturg G. Gurbansähedow Sakarçäge etrabynyň  Garaýap obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar.  Ol ilki oba mekdebinde okaýar, 1937-nji ýylda Daşkentdäki türkmen pedtehnikumyny, 1941-nji ýylda bolsa Aşgabatdaky Türkmen döwlet pedagogik  institutynyň  filologiýa fakultetini  gutarýar. Şondan soň hem onuň medeni  ulgamyndaky dürli edaralarynda dowam eden döredijilikli işi başlanýar. 1941-1942-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgäri, 1942-1944-nji ýyllar aralygynda Daşoguzdaky Mugallymçylyk gazetiniň jogapkär kätibi bolup işleýär. Özüni turuwbaşdan gowy edebiýatçy hem-de ökde žurnalist hökmünde tanadyp başlan G. Gurbansähedow 1944-1945-nji ýyllarda Moskwada Merkezi gazetler kursunda okaýar.

Işde ýeterlik tejribe toplan G. Gurbansähedw jogapkärli wezipelere bellenýär. Hyjuwly ýaş ýigit wagyz nesihat etmek bölüminiň müdiriniň orunbasary bolup işleýärkä metbugat işine çekilýär. Ol “Ýaş kommunist” (1946-1948), “Sowet Türkmenistany” (1948-1950) gazetleriniň jogapkär redaktory bolup işleýär.

G. Gurbansähedow 1950-nji ýylda Türkmenistanyň Ýazyjylar toparynyň başlyklygyna saýlanýar, oňa 1955-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk edýär. Edebi-guramaçylyk işinde tejribe toplan ýazyjy şondan bäri edebi döredijilik meýdanynda zähmet çekýär. G. Gurbansähedowyň liriki şygyrlarynyň, edebiýatymyzda mähek orun alan proza eseriniň içinde körpe nesle niýetlenilip döredilenleri hem bar. Ýazyjynyň çagalaryň göwnünden turan “Akmak patyşa” atly eseri rus diline hem terjime edilip, millionlap  ýaýradyldy.

G. Gurbansähedow rus ýazyjylarynyň, doganlyk halklarynyň we daşary ýurt edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserlerini türkmen diline terjime etmekde hem ep-esli iş bitirdi. A. Puşkiniň, I. Frankonyň, M. Lermontowyň, Samat Burgunyň, Saýat Howanyň, Wagyfyň, Hamzanyň we beýlekileriň ençeme eserleri bilen türkmen okyjysy onuň tagallasy arkaly tanyşdy.

Ýazyjynyň Watan öňünde bitiren hyzmatlary “Hormat nyşany” ordenleri, “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe edermeniçilikli zähmeti üçin” diýen medal we gaýry sylaglar bilen bellenildi.

Ýazyjy 1992-nji ýylda aradan çykýar.

DÖREDIJILIGI

G. Gurbansähedow hem edebiýata ilki şahyr hökmünde gelip girdi. Ol ilkinji goşgusyny 1939-njy ýylda, pedinstitutda okap ýörkä ýazypdy. Şahyryň döredijiliginiň başlangyç ýyllary Beýik Watançylyk urşunyň gazaply ýyllaryna gabat gelipdi. Şahyryň uruş ýyllarynda ýazan watançylyk goşgulary 1947-nji ýylda “Soldat gaýdyp geldi” ady bilen aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi. Bu kitapda ýeňiş bilen gaýdyp gelen gahryman türkmen esgeriniň uruş ýyllarynda geçen şanly ýoly wasp edilýär.

Türkmenistanyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrowyň taýsyz gahrymançylygyna bagyşlanyp, 1943-nji ýylda ýazylan “Ot içinde dörän gahryman” diýen belli balladany hem şu ýygyndy öz içine alýar. Aýny wagtynda uly joşgun bilen ýazylan bu ballada indi edebiýat hrestomatiýalarynyň sahypasyny bezeýär. Şahyryň meşhur “Ene” goşgusy hem şol ýygyndyda çap edilipdi.

Gurbansähedowyň ikinji goşgular ýygyndysy “Baglaryň täji” ady bilen 1962-nji ýylda neşir edilýär.

Proza eserleri G. Gurbansähedowyň döredijiliginde esasy orun tutýar. Ýazyjynyň “Suraý” (1955), “Ýürek daş däl” (1965), “Söýseň” (1969) diýen powestler hem-de hekaýalar ýygyndylary yzly-yzyna peýda bolýar.

Gurbansähedow örän döwrebap prozaçy. Ýazyjy şu günki  günüň wakasyna seslenmegi halaýar. Şu jähtden onuň käbir hekaýalarynyň çeper  oçerke çalym edýändigini-de belläp geçmek gerek. Hatda ýazyjynyň belli “Toýly Mergen” romany hem gözbaşyny  “Galkynmak” diýen oçerkden alyp gaýdypdy.

Döwrebaplyk “Gar” (1952), “Mirabyň düýşi” (1954),  “Sergezdan” (1954), “Şahyryň edermenligi” (1955), “Meniň kimdigimi bilýärmiň?”(1963), “Telefon jyňňyrdysy” (1964) ýaly hekaýalaryň ählisinde duýlup dur.

Adamkärçilik, adam mertebesini belent tutmak pikiri Gurbandurdy Gurbansähedowyň nusgawy şahyrlarymyz Magtymgulydyr Keminäniňdurmuşyndan söz açýan “Çakylyk” (1961) hem-de “Kyrk teňňe” (1961) atly eserlerinde hem esasy orun eýeleýär.

Gurbansähedow 60-njy ýyllarda kino sungaty bilen gyzygyp, kinosenariler hem ýazyp başlady. G. Gurbansähedowyň gatnaşmagynda “Aýratyn tabşyryk”, “Şahyryň edermenligi”, “Gämiçiniň jany bir”, “Çöl” diýen çeper filmler döredildi.

Ol soňky ýyllarda dramaturgiýa žanryna hem aralaşyp gitdi. Onuň dramalary Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryň, Marynyň Kemine adyndaky teatrynyň hem-de Türkmen döwlet Ýaş tomaşaçylar teatrynyň sahnasyndan düşmän gelýär. Ýazyjynyň “Azaşan ýigit” (1964), “Hang” (1966), “Jennet” (1966), “Düzüň tagamy” (1967), “Dökülmedik gan” (1968), “Tawus” (1975), “Meňli” (1980) atly pýesalary indi wagtyň synagyndan geçip ýör.

Poeziýada, prozanyň dürli janrlarynda, şeýle hem dramaturgiýada toplanan döredijilik tejribesi G. Gurbansähedowy giň göwrümli eseriň – roman janrynyň bir çetinden getirdi. “Sowet edebiýaty” žurnaly 1970-nji ýyllardaky sanlarynda okyjylar köpçüligini ýazyjynyň “Toýly Mergen” romany bilen begendirdi.

G. Gurbansähedowyň iň gowy eserleri rus diline, doganlyk halklarynyň beýleki dillerine terjime edilip, öwran-öwran neşir edildi hem-de neşir edilýär. Moskwanyň “Çeper edebiýatlar” neşirýaty 1978-nji ýylda ýazyjynyň “Toýly Mergen” romanyny hem öz içine alýan ullakan birtomlugyny kaşaň bezäp, neşir etdi.

Çeşme: Türkmen edebiýatynyň taryhy. V tom, I kitap, Red. K.Jumaýew, E.Işangulyýew.-A.: Ylym,1980

نوشتن دیدگاه


تصویر امنیتی
تصویر امنیتی جدید

کتابهای منتشر شده

رویدادهای مهم در تاریخ تورکمن

شخصیت های مهم تورکمن

بیاد جانباختگان جنبش ملی تورکمن

  • توماج
    توماج
  • حاج محمد آخوندی
    حاج محمد آخوندی
  • جلیل ارازی
    جلیل ارازی
  • محمد اراز بهنام
    محمد اراز بهنام
  • حکیم شهنازی
    حکیم شهنازی
  • پرویز ایران پور
    پرویز ایران پور
  • سافارگل خالدزاده
    سافارگل خالدزاده
  • نورقلی پور
    نورقلی پور
  • سلیمان محمدی
    سلیمان محمدی
  • حمید یگن محمدی
    حمید یگن محمدی
  • عبدالله قزل
    عبدالله قزل
  • دورت لر
    دورت لر
  • رحمان بردی ندیمی
    رحمان بردی ندیمی
  • بهروز آخوندی
    بهروز آخوندی
  • انین گوگلانی
    انین گوگلانی
  • آرچا بصیری
    آرچا بصیری
  • قربان شفیقی
    قربان شفیقی
  • آتا خانجانی
    آتا خانجانی
  • حمید فرجاد
    حمید فرجاد
  • بهمن ایزدی
    بهمن ایزدی
  • توماجی پور
    توماجی پور
  • خدایبردی پنق
    خدایبردی پنق
  • صوفی زاده
    صوفی زاده
  • حاللی حاللی زاده (آلغیر)
    حاللی حاللی زاده (آلغیر)
  • عبدالرحمان دلاور اینچه برون
    عبدالرحمان دلاور اینچه برون

نظرات کاربران