YadigarlikII-nji jahan urş belasynyň salan ýarasyndan saplanyp bilmedik halkymyza bu gezek tebigi betbagtçylyk agyr zarba urýar. 1948-nji ýylyň 5-nji oktiýabryndan 6-njy oktiýabra geçilýän giýjesi sagat 001:12-de rihter ölçeginde 9-10 bal bilen güýçli ýer titreme Aşgabat we onuň töweregini külpe-ýekun etdi.

Ýer yranmanyň episentri Aşgabadyň 25km-ligindäki Gäwüris raýonydy. Ýeriň ilki dikligine soňra keseligine sarysmagy zerarly şäher sanlyja minutyň dowamynda doly weýran bolýar. Jaýlaryň sanlyja böleginden beýlesi ýumrulýar. Çen bilen paýtagtda 110 müň töweregi ilat heläk bolýar.

   Taryhçy alym Ata Rejepowyň beren maglumatyna görä[1] SSSR hökümeti Aşgabadyň we onuň töweregindäki raýonlaryň ýer titremegi zerarly heläk bolan ilaty hakynda  1948-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda SSSR ministerler soweti «Aşgabat şäheriniň ýer titremegi zerarly heläk bolan ilatyna gyssagly kömek bermek hakynda» diýen karary kabul edýär. Şol karar boýunça ilata 15 günläp mugt nahar bermekligi guramak we heläk bolanlara wagtlaýyn kömek bermek üçin Respublika 25 million manat pul goýberilýär, şeýle-de 1500 tonna uwn, 700 tonna ýarma, 60 tonna mal ýagy, 90 tonna ösümlik ýagy ... iberilýär.

   «Aşgabatdaky güýçli ýer titreme baradaky ýakymsyz habar şol gije Daşkentdäki O.Aziýa harby okrugynyň komanduşisi, goşun generaly, İwan Petrowa çaltlyk bilen ýetýär. Ol haýal edmän uçar bilen Aşgabada uçýar, onuň bile pod-polkownik Ýuri Petrow-da 7-nji oktýabrde Aşgabada gelýär. Ýumrulan magazynlardan we öýlerden zat ogurlanmaz ýaly köçelerde militsiýa garagulçylk edýär. Generalyň ogly Ýuri 7-nji oktiýabr gijesi ele düşen bir ogrynyň ok atmagy netjesinde ölýär. Demirýol stansiýasynyň üç-dört ýüz metr gündogarynda, demirýoluňn gaýrasynda oturan öňki Woroşilow adyndaky kolhoz obasynda dik duran zat galmandyr. Demir ýol wokzalynyň golýaynda ýerleşýän jaýlar-da ýurmrulypdyr. Dokma fabriginiň önümleriniň köpüsi talanypdyr. Betbatçylyga sezewar bolan adamlaryň başa-gaýlygyndan peýdalanyp betpäl talaňçylar, ýer titremesinden soňky gijeler hem ogrulyklaryny dowam edipdirler. Merhumlary jaýlamak bolsa adam ýetmezçiligi zerarly gaty kyn bolup, kepen tapylman, olaryň köp halatlarda öz eşikleri bilen jaýlanan mahalyna hem gabat gelnipdir.»[2]

  titreme

[1] A. Rejepow. Türkmenistan SSR-niň taryhy. T. II. TYA neşriýaty. Aşgabat 1959. S.657

[2] Mämet Şirmämmedow: Durmuş ýoly. Aşgabat 1995. S.90

نوشتن دیدگاه


تصویر امنیتی
تصویر امنیتی جدید

کتابهای منتشر شده

رویدادهای مهم در تاریخ تورکمن

شخصیت های مهم تورکمن

بیاد جانباختگان جنبش ملی تورکمن

  • توماج
    توماج
  • حاج محمد آخوندی
    حاج محمد آخوندی
  • جلیل ارازی
    جلیل ارازی
  • محمد اراز بهنام
    محمد اراز بهنام
  • حکیم شهنازی
    حکیم شهنازی
  • پرویز ایران پور
    پرویز ایران پور
  • سافارگل خالدزاده
    سافارگل خالدزاده
  • نورقلی پور
    نورقلی پور
  • سلیمان محمدی
    سلیمان محمدی
  • حمید یگن محمدی
    حمید یگن محمدی
  • عبدالله قزل
    عبدالله قزل
  • دورت لر
    دورت لر
  • رحمان بردی ندیمی
    رحمان بردی ندیمی
  • بهروز آخوندی
    بهروز آخوندی
  • انین گوگلانی
    انین گوگلانی
  • آرچا بصیری
    آرچا بصیری
  • قربان شفیقی
    قربان شفیقی
  • آتا خانجانی
    آتا خانجانی
  • حمید فرجاد
    حمید فرجاد
  • بهمن ایزدی
    بهمن ایزدی
  • توماجی پور
    توماجی پور
  • خدایبردی پنق
    خدایبردی پنق
  • صوفی زاده
    صوفی زاده
  • حاللی حاللی زاده (آلغیر)
    حاللی حاللی زاده (آلغیر)
  • عبدالرحمان دلاور اینچه برون
    عبدالرحمان دلاور اینچه برون

نظرات کاربران