bapba1

Öz sesi bilen okan goşgusy

باپبا  گؤکلِنگ 1949 یئلئنگ 15-نجی ژانویه آئیندا "غئزئل آرباتدا" دۆنیأ اینیأر. اوُل اوُرتا مِکدِبی تاماملاپ، آشغابادئنگ اوُبا حوُجالئق اینستیتوتئنا اوُقووا گیریأر. اِمّا اِدِبیاتا بوُلان حؤوِسی اوُنئ اوُبا حوُجالئغئندان گیتدیگیچه داشلاشدئرئپ، مطبوغات ایشلِرینه غوُلایلاشدئریار.

اوُنونگ ایلکینجی غوُشغولارئ، حکایالارئ دۆرلی غازِت-ژورناللاردا چاپ اِدیلیپ اوغرایار. بیراز سوُنگرا باپبا  گؤکلِنگ موُسکوانئنگ ماکسیم گوُرکی آدئنداقئ اِدِبیات اینستیتوتئنا غایئبانا اوُقووا گیریأر. اوُل  کؤپ اوُقایار، اؤورِنیأر، تۆرکمِن، روس ودۆنیأ اِدِبیاتئنئنگ اینگ غوُوئ نوسغالارئنئ اؤزباشداق اؤزلِشدیریأر.

ب. گؤکلِنگ دینگه بیر غوُشغئ دأل، اِیسِم قصه اِثِرلِرینی-ده یازاردئ. اوُنونگ کأبیر حِکایالارئ دۆرلی دؤوۆرده رِسپوبلیکانئنگ غازِت-ژورناللارئندا چاپ اِدیلدی. شوُلارئنگ آراسئندا اوُنونگ ”یاشلئق” ژورنالئندا چئقان ”اوُیتاق” حِکایاسئ، ”اِدِبیات وه سونغات” غازِتینده چاپ اِدیلِن حِکایالارئ اوُقئجئلارئنگ آیراتئن اۆنسۆنی چِکیپدی. یؤنه ب. گؤکلِنگه ایل آراسئندا شؤهرات گتیرِن اوُنونگ غوُشغولارئدئ. مِتبوغاتدا کأن چاپ اِدیلمِسه-دِه، باپبانئنگ غوُشغولارئ اوُقالمان غالمازدئ، اوُل غوُشغولار دیلدِن-دیلِه، اِلدِن اِله گچِردی. اؤز یازان اِثِرلِری پأسگلسیز چئقیان یازئجئ-شاهئرلار-دا باپبانئنگ چاپ اِدیلمِیأن غوُشغولارئنئ تاپسالار، حِزیل اِدیپ اوُقاردئلار. اوُل غوُشغولارئنگ شؤهراتئ ایل آراسئنا-دا یایراردئ.

تورکمن سوُوِت/شوروی سانسورئ باپبا  گؤکلِنگینگ غارشئسئنا دیش-دئرناق بوُلوپ چئقدئغئچا، شاهئرئنگ شؤهراتئ شوُنچا-دا آرتیاردئ. دیریکأ ب. گؤکلِنگ دینگه بیر کیتاپ چاپ اِتدیریپ بیلدی، اِمّا اوُل کیتابا شاهئرئنگ بِللی غوُشغولارئ گیریزیلمِدی، سِنزورا مونگا یوُل بِرمِدی.

ب. گؤکلِنگ 1991 یئلئنگ 23-نجی دِکابرئندا تراگیکی یاغدایدا آرادان چئقدئ. اوُنونگ دویدانسئز اؤلۆمی  کؤپ سانلئ سوُراغلارئ دؤرِتدی.

 

                   یوُلما، غوشونگ غاناتئن!

 

نه اوُیوندان, نه چئندان,  یوُلما غوشونگ غاناتئن!

پِنت بوُلسون شو مِندِن    یوُلما غوشونگ غاناتئن!

 

کیم غالقار آسمان سارئ,   یوُلسانگ غوشونگ غاناتئن؟!

اوچیان, اوچمایان بارئ     بوُلمازمئ غارئم-غاتئم!

 

غوشونگ غاناتئن یوُلما,    بوُزما قادّئ-قاماتئن.

بوُلسانگ بوُل یِرده یوُرغا,   یوُلما غوشونگ غاناتئن!

IŇŇILDEMESEŇ, REHIM ÝOK

Her bir ýuk göteriji maşynyň neçerek ýük göterip biljekdigini biz öňunden bilýäris. Sebäbi her maşynyň öz tehniki pasporty bolýar. Şonda onuň ýük göterijilik mumkinçiligi ýazylýar. Üç tonnamy, beş tonnamy, sekiz ton- namy? Bu anyk görkezilýer. Eger sen muňa ynanman, maşyna öz mümkinçiliginden artyk ýük ursaň, maşyn janawar dilsiz-agyzsyz bolsa-da iňňildäberýär. Agyr ýüküň aşagynda galan maşynyň iňňildisi bir günden bir gün seni beýle zabunlykdan el çekmege mejbur edýär. Hawa, maşyn demirden ýasalýan zat. Onuň ýük göterijiligini ölçemek üçin ýörite gurallar ýasapdyrlar. Ýükçi eşegiň güni maşynyňka görä kynrak ýaly. Çünki onuň öz mümkinçiligini aýdara dili-agzy ýok. Üstesine-de ýükçi eşegiň kuwwatyny ölçäp bilýen ýörite gural-a, asla ýok. Ýöne eşege-de çakyndan artyk ýük urup, zabunrak daraberseň, ol görgüsi ýama- nyň hem hyk-çoky artyberýär. «Eşegiň ýüki ýeňil bolsa sojar» diýip, eýesi aýtsa aýdýaram weli, her niçik hem bolsa, öz eşegi bolansoň, oňa çakdan aşa ýük urmaýar. Eýesiniň rehimdarlygy eşekler ymmatynyň maňlaýyndan direýer. Mahlasy, ýükçi eşegiň hem kuwwatynyň çenini-çakyny bilip bolýar.

Ýöne ynha ýeriň kuwwatyny nädip biljek? Ýeriň her bir Hektaryndan neçe sentner pagta berip biljegini nedip anyklap bolar? Ýeriň kuwwatyny ölçeýän ýörite gural ýok. Diliniň-agzynyň ýoklugam düşnükli. Iň ýamany hem (iň esasy diýseňem boljak) sen oňa neçe ýük ursaňam, ol ne maşyn ýaly iňňildep bilýär, ne-de eşek ýaly hyk-çok edýär. Ýer janawaryň ýagdaýy maşynyň, eşegiň ýagdaýyna garanda birneme çylşyrymlyrak.

Ýeriň kuwwatyny ölçemekden aňsat zat ýok diýmekleri mümkin. Spesialistler, hakyt şeýle hem diýýärler. «Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy her bir ýer uçastogynyň gurplu- lygyna laýyklykda, ýagny, geçen bäş ýylyň içinde alnan hasyldan ugur alnyp kesgitle- nilýer». Türküçeläp aýdaňda beş ýylyň için- deki ortaça hasyllylyk şol ýeriň kuwwatynyň ölçegi bolmaly. Ýöne muňa kim ynansyn?! Muňa hiç kim ynananok. Şonuň üçinem oňa urup bilen ýüklerini urýarlar. Maşynyň, eşegiň ýagdaýyna garanda ýer janawaryň düşen günü- niň çylşyrymlyrakdygyny men ýaňy hem aýt- dym. Sebebi sen ýere näçe ýük ursaňam, ondan ses-seda çykmaýar. Şindi çydamly adamlara «Ol adam ýer ,ýaly» diýmeýärlermi neme? Dogry, öz ýerleriniň halyna çydam edip bilmen daýhanlar zeýrenýerler (Zeýrenmek bilen iňňildemegiň ullakan tapawudy ýok bolsa gerek).

«Biz Mary raýonynyň «Teze oba» kolhozy- nyň potratçylary we kerendeçileri bolup şu aşakdakylary aýtmak isleýäris. Kolhozymyzyň ekin meýdany 1100 Hektar. Şu 1100 Hektaryň altmyş prosente golaýy çägesöw ýerler. Çegesöw ýerden hasyl almak kyn. Kolhozçylar planyň agyrlygyndan nalaýarlar. Her Hektardan alýan pagtamyzyň planyny azaltsalar, - daýhanlar üçinem, kolhoz üçinem amatly bolardy. Plany, borçnamany ýeriň real ýagdaýlaryna-şorlugyna, çegeligine, toýunlygyna seredip, kartogramma boýunça düzüp berseler gowy bolardy».

Ýöne daýhanlaryň bu aýdýanlaryna gulak asýan ýok.. Sebäbi urulýan ýük agyr bolsa, ýeriň özüniň iňňildemegi gerek. Özüniň nära- zylyk bildirmegi gerek. Ýogsam «biziň ýerlerimiziň her Hektaryndan 13—14 sentnerden ýokary hasyl alnan ýyly ýok» diýip, kolhoz praw- leniýesi sprawka hem berýer. Ýerden seda çyk- mansoň, daýhanyň sözüne-de ynanmaýarlar. Ýere urulýan ýük agyr bolansoň, daýhanyň ýagdaýy. hem kyn bolýar. Kärendeçiniň ýagdaýy-«a, has hem agyr. Sebebi ýokardaky ady agzalan kol- hozyň kerendeçilerinden çen tutsaň olar: «Her gektardan 24 sentner pagta alarys» diýip, şertnama-da gol çekmeli bolupdyrlar. Kä-rendeçi boljak bolsaň, şeýle etmeli bolar- syň. Eger her gektardan 24 sentner pagta al- man, aýdaly 18 sentner hasyl alsalar, galan 6 sentneriň bahasyny tölemeli bolýar. Bu diýdigimiz — ýagdaý diňe bir kolhozda şeýle diýdigimiz däl.

Spesialist:— Mary oblastynda umuman hemme kolhozlaryň-da plany agyrrak. Sebäbi ýerleriň ýagdaýy pese gaçypdyr. Plan bolsa şol öňküligine galypdyr.

Neme üçin beýle edýärlerkä? Muny bilýän ýok. Bu düzgüni kim tapdyka? Muny hem bilýän ýok. Asyl muny biljek bolýanam ýok. Şonuň üçinem ýer janawaryň ejirini diňe daýhan bilýar. Daýhana-da gulak asýan ýok. Hatda ýeriň berýän hasyly hem doly hasaba alynmaýan bolmaga çemeli.

«Pagta baza getirýän pagtamyz öz çakymyz- dan has ýeňil gelýer. Bazada pagtamyzyň beşden birini, hatda dörtden birini aýyrýarlar».

Pagta bazanyň işgärlerine: «Näme üçin beýle edýäňiz?» diýseň, «Gelýen pagtanyň hapasy köp. Pagtalar hapa» diýip, biragyzdan jogap berýärler.

Men spesialiste şeýle sorag berdim.

  • • Skidkanyň çeni-çaky barmy? Daýhanyň jemi ýygnan pagtasynyň 20—25 prosenti skidka gaýtarylypdyr. Bu normadan çykma dalmi?
  • • Skidkany laboratoriýa analizi bilen bilmeli. Skidka 25 prosent bolsa, ony köp hasap edýerin. 15—18 prosentden ýokary bolsa, onda normadan geçýer — diýip, ol jogap berdi.

Ýöne daýhanyň sesi hiç kime eşidilmen galýar. Eşidilip-he, eşidilýendirem welin, näbileýin, elbetde, bir emmasy bardyrda. Garaz, ýeriň özi iňňildeýmese, oňa rehim etjek ýok bolmaga çemeli.

TOKMAK 2/90

B. GÖKLEŇ, Tokmagyň ýörite habarçysy.

نوشتن دیدگاه


تصویر امنیتی
تصویر امنیتی جدید

کتابهای منتشر شده

رویدادهای مهم در تاریخ تورکمن

شخصیت های مهم تورکمن

بیاد جانباختگان جنبش ملی تورکمن

  • توماج
    توماج
  • حاج محمد آخوندی
    حاج محمد آخوندی
  • جلیل ارازی
    جلیل ارازی
  • محمد اراز بهنام
    محمد اراز بهنام
  • حکیم شهنازی
    حکیم شهنازی
  • پرویز ایران پور
    پرویز ایران پور
  • سافارگل خالدزاده
    سافارگل خالدزاده
  • نورقلی پور
    نورقلی پور
  • سلیمان محمدی
    سلیمان محمدی
  • حمید یگن محمدی
    حمید یگن محمدی
  • عبدالله قزل
    عبدالله قزل
  • دورت لر
    دورت لر
  • رحمان بردی ندیمی
    رحمان بردی ندیمی
  • بهروز آخوندی
    بهروز آخوندی
  • انین گوگلانی
    انین گوگلانی
  • آرچا بصیری
    آرچا بصیری
  • قربان شفیقی
    قربان شفیقی
  • آتا خانجانی
    آتا خانجانی
  • حمید فرجاد
    حمید فرجاد
  • بهمن ایزدی
    بهمن ایزدی
  • توماجی پور
    توماجی پور
  • خدایبردی پنق
    خدایبردی پنق
  • صوفی زاده
    صوفی زاده
  • حاللی حاللی زاده (آلغیر)
    حاللی حاللی زاده (آلغیر)
  • عبدالرحمان دلاور اینچه برون
    عبدالرحمان دلاور اینچه برون

نظرات کاربران