tkm1

12-nji ýanwarda Türkiýäniň türk dilinde habarlary çap edýän internet neşiri, timeturk.com, Türkmenistandaky korrupsiýanyň ýagdaýy barada habar çap etdi.

 “Türkmenistan korrupsiýa çümdi, şol sebäpden Türkiýä gelýäris” diýen at bilen çap edilen makalada Türkiýä gazanç gözleginde gelen türkmenistanlylaryň sözleri getirilýär.

Neşiriň türkmenistanly gürrüňdeşiniň adynyň baş harpy Ş diýlip tutulýar. Ol Türkmenistanda parahorlygyň ýeten derejesini agyr sözler bilen düşündirýär. Ş. ýurduň ýolbaşçysynyň “korrupsiýa çümendigini” aýdýar, “5-6 millionlyk ilaty doýrup bilenok. Türkmenistanyň işe ýarawly ilatynyň tas hemmesi zähmet migranty hökmünde ýa Orsýete, ýa-da Türkiýä gaçyp gaýtdy” diýip, türkmenistanly Ş. Timeturk neşiriniň soraglaryna jogap berýär.

“Bir hojalykda 10 adam ýaşaýan bolsa, şonuň ýarysy eklenç gözleginde Türkiýä işlemäge gaýdýar” diýip, Ş. gürrüňe dowam edýär.

“Aslynda biziň ýurdumyzyň baýlyklary köp. Tebigy gaz bar, altyn bar ýöne işletmeýärler. Şol sebäpden biz daşary ýurtlara çykýarys” diýip, türkmenistanly migrant gürrüň berýär.

“Mysal üçin, Türkmenistanda bir adamyň 12 goýuny bar bolsa, şonuň altysyny elinden alýarlar. Mal-mülküňe göz dikýärler” diýip, ol aýdýar.

Neşiriň maglumatyna görä, anyň baş harpy Ş-dan başlaýan türkmenistanly öz ýurdunda ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin soralýan aşa gymmat töleg sebäpli Türkmenistanda ýokary bilim alyp bilmändir. Şeýle-de, maglumatda onuň maşgalada 9 doganyň arasynda körpesidigi bellenýär. Türk neşiriniň türkmenistanly söhbetdeşi türkiýeli bir aýalyň öýünde hyzmatçylyk edýär, pul ýygnap maşgala gurmak isleýär.

Neşir türkmenistanly gürrüňdeşini tassyklamak üçin Business-anti-corruption.com saýtynyň maglumatyna salgylanýar.

Onda Türkmenistanda korrupsiýanyň ýeten derejesine üns çekilýär. Türkmenistanda “uly proýektlere gatnaşmak üçin prezidentden rugsat almaly. Bäsdeşlik ýok, kanun we gözegçilik ýok. Ýurtda dilden korrupsiýa garşy göreşiň alnyp barylýandygy aýdylýar” diýlip, maglumatda Türkmenistanda alnyp barylýan korrupsiýa barlaglarynyň örän ejizdigine, ýurtda ýeke adamyň agzyna garalýandygyna hem-de režimiň öz garşydaşlaryny senzuralaýandygyna ünsi çekilýär, munuň netijesinde, ýurtda derňew işlerini geçirmegiň mümkin däldigi aýdylýar.

Maglumatda ýurtda suduň güýjüniň ýokdugy, onuň syýasylaşandygy hem-de prezidentiň karary bilen suduň çykaran höküminiň üýtgedilýändigi aýdylýar.

Malgumatda güýç edaralarynyň rahat para soraýandygy, döwlet işinde parahorlygyň aňrybaş derejä baryp ýetendigi aýdylýar.

“Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda korrupsiýa giň ýaýran” diýip, neşir ýazýar.

Türk neşiriniň çap eden makalanyň soňunda Türkmenistanda media azatlygynyň ýokdugy nygtalýar.

Türkmen resmileri ýa-da döwlet mediasy daşary ýurt habar serişdelerinde çykýan şeýle häsiýetli habarlara köplenç reaksiýa görkezmeýär.

Azathabar.org

نوشتن دیدگاه


تصویر امنیتی
تصویر امنیتی جدید

کتابهای منتشر شده

شخصیت های مهم تورکمن

بیاد جانباختگان جنبش ملی تورکمن

  • توماج
    توماج
  • حاج محمد آخوندی
    حاج محمد آخوندی
  • جلیل ارازی
    جلیل ارازی
  • محمد اراز بهنام
    محمد اراز بهنام
  • حکیم شهنازی
    حکیم شهنازی
  • پرویز ایران پور
    پرویز ایران پور
  • سافارگل خالدزاده
    سافارگل خالدزاده
  • نورقلی پور
    نورقلی پور
  • سلیمان محمدی
    سلیمان محمدی
  • حمید یگن محمدی
    حمید یگن محمدی
  • عبدالله قزل
    عبدالله قزل
  • دورت لر
    دورت لر
  • رحمان بردی ندیمی
    رحمان بردی ندیمی
  • بهروز آخوندی
    بهروز آخوندی
  • انین گوگلانی
    انین گوگلانی
  • آرچا بصیری
    آرچا بصیری
  • قربان شفیقی
    قربان شفیقی
  • آتا خانجانی
    آتا خانجانی
  • حمید فرجاد
    حمید فرجاد
  • بهمن ایزدی
    بهمن ایزدی
  • توماجی پور
    توماجی پور
  • خدایبردی پنق
    خدایبردی پنق
  • صوفی زاده
    صوفی زاده
  • حاللی حاللی زاده (آلغیر)
    حاللی حاللی زاده (آلغیر)
  • عبدالرحمان دلاور اینچه برون
    عبدالرحمان دلاور اینچه برون

نظرات کاربران