MG

Bakuwda geçirlen ilkinji Türkologiýa gurultaýy

Türkmen ýazuw hatynyň arapçadan latynça üýtgedilişi

“Türkmenistan latynlaşmakda iň öňde duran jemhuriýetleriň biridir. O ýerde bütin

gündelik neşriýat we başga eser köpden latyn elip-biýsinde çykýar. İlatyň 100-de ony bu ýeňi (täze) elip-biý bilen sowatlydyr. Bütin mekdeplerde ýeňi elip-biýde okadylýar we 1887 mugallym ýeňi elip-biý bilen taýýarlandylar.” (Ýaş Türküstan žurnaly. 1930-njy ýylyň iýn-iýul/ nr. 7-8)

 Baryp 1926-njy ýylda Äzerbegjanyň paýtagty Bakuwda geçirlen bütinsaýuz we haklara Türkologlar gurultaýy onuň ilkinji hem-de ahyrkysy bolupdy. Bakuw gurultaýynyň türki halklarynyň medeni gurluşygy, şo sanda türki halklarynyň latyn ýazuwyna geçmeginiň umumy esaslary, onuň bir umumy ortak terminologiýa we beýleki meseleler boýunça kabul edilen kararlary-da ýerine ýetirilmän, ýarpy ýolda galdy. Türkolog alymlarynyň umumy medeniýet we dil meselelerini özara maslahatlaşmagy we onuň ylmy esaslaryny işläp çykmaklary we praktikada ulanmagy-a beýle-de dursun, ol umumy meseleler hakynda dil ýarmagyň özi pantürkizmde ýanalyp, uly jenaýat hasaplandy. Bakuw gurultaýynyň karary esasynda düzülen täze türkmen elip-biýsi 1927-nji ýylyň iýulynda Bakuw gurultaýy tarapyndan bellenen ýörite birleşik komisýasynyň birinji plenumynda gutarnykly tassyklandy. 1928-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda TSSR-iň MİK-niň latyn hatyna geçmek barada karar kabul etdi. Ýöne şonda 12 ýyl geçende 1940-njy ýylyň maýynda TSSR-iň ýokary şurasynyň geçiren 4-nji maslahatynda Moskwanyň basgysy astynda türkmen ýazuw haty rusça/krilçä üýtgedildi.

hat

Bu wariýantda uzyn çekimli sesler goşalandyrlyp ýazlypdyr, mysal üçin aat, zaat, bööri...

   Bu elip-biýi 1936-nji ýylda üýtgetmeler girizilýär, ondan q(igedäki, Magtymdaky süýkeş g) we Qq(kaka, Kagyz-daky ýogyn k) sesler aýrylyp, goşalandyrylyp ýazylmak-da ýatyrylýar.

                                       *******************

30-njy ýyllarda 1-nji türkmen dil konferensiýasy; türkmen edebi diliniň meseleleri

mg2

Dilçi alym, Stalinçilik repressiýanyň pedalaryndan Muhammet Geldiýew

Dil konferensiýanyň geçirlendigi hakynda

“Ýaş Türküstanyň” Sentýabr 1931. San 22-da çap edilen maglumat

   Türkmenistanda ýazuw hatyň arapçadan latynça geçmek boýunça kabul edilen hökümet kararyndan soňra ony iş ýüzünde durmuşa geçirmekde birnäçe çäreler agtaryldy. Bu çäreler 1930-njy ýylda Aşgabatda geçirlen “1-nji Türkmen dil konferensiýasy” bilen birlikde çagdaş, döwrebap türkmen edebi-ýazuw diliniň ösüp, kämilleşmeginde kesgitli rol oýnady.

   Türkmen edebi dili, terminologiýasy hem orfografiýasy meselelerine bagyşlanyp, 1930-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda “birinji türkmen ylmy konferensiýasyna” 150-den gowrak Türkmenistanly dilçi alymlar we mugallymlar bilen birlikde rus alymy prof. Samýlowiç şeýle-de Äzerbegjanly Çopanzade ýaly belli Türkologlar gatnaşdy.

   Prof. Çopanzade özüniň gutlag sözünde: «Öz wagtynda biz diňe latyn formasynyň harp bellikleriniň tarapyna ses bermän, eýsem, şonuň bilen birlikde täze durmuş üçin, täze medeniýet üçin, sosýalism üçin-de ses berdik» diýär.

   Türkmen dili boýunça bu ylmy konferensiýany Türkmenistanyň halk komissarlar şurasynyň başlygy Gaýgysyz Atabaýew açýar. Konferensiýada 3 mesele boýunça 3 doklad okalýar:

  1. Türkmen edebi diliniň ösüş esaslary; dokladçy Kümşaly Böriýew
  2. Türkmen edebi diliniň terminologiýasy; dokladçy Öwezow
  3. Türkmen edebi diliniň orfografiýasy; dokladçy Muhammet Geldiýew[1]

   Konfrensiýanyň kabul eden karary esasan türkmen edebi we türkmen Sowet edebiýaty halk köpçüliginiň, türkmen şiweleriniň janly gepleşik dili esasynda, morfologiki bir bitewililigini saklamakda gurulmakdan ybarat bolupdyr.

   Türkmen edebiýaty, Türkmenistanyň dürli raýonlarynyň we tire-taýpalarynyň bütin söz baýlyklaryndan peýdalanyp, olary edebi diliň düzümine girizmelidi. Bu baradaky karar türkmen diliniň aýratynlyklary, işlikleri, uzyn we gysga çekimlileri, sypatlary, daşary ýurt alynma sözleriň ulanylyşy we aýdylşy ýaly dürli meselelerde görkezme berilýär. Türkmen dilinde şoňa çenli uzyn çekimlileriň goşalandyrlan harp bilen ýazylmagy galdyrylýar.

   Şonlukda köp aladalara sebäp bolan Magtymgulynyň we onuň döwürdeşleriniň dilini türkmen edebi dili hasaplamak boýunça öňe sürlen talaplar, çagdaş türkmen gepleşik diliniň bähbidine çözüldi. Beýik akyldar Magtymguly, türkmen halkynyň ýüreginde ölmez-ýitmez şöhratyny öz eserleriniň çuňňur mazmunlylygy bilen birlikde bütin türkmen taýpalaryna umumy düşnükli dilde ýazmak bilen gazandy. Şeýle-de onuň öz eserlerinde ulanan käbir arap-pars sözleri, bir ýarym asyr geçenden soňra giň halk köpçüliginiň düşünişmegini alyp geldi. Türkmen halkynyň häzirki zaman gepleşik dilini, edebi ýazu diline esas edip almak, şeýle-de terminologiýa, orfografiýa meselesinde Bakuw gurultaýynyň kararlaryna laýyklykda türkmen lingwistik konferensiýasynyň kabul eden karary bilen-de düşündirilýärdi.

  Ol kararlarda mundan beýläk türkmen diline arap-pars sözlerini, terminlerini/ adalgalaryny girizmekden el çekmeklik, olary kem-kemden gysyp çykarmaklyk, şo bir wagtda täze Ýewropa terminlerini halka düşnükli formada we türkmen diliniň içki gramatik düzgünine laýyklaşdyryp almaklyk görkezilýärdi. Konferensiýanyň kararynda ornadylan täze syýasy, ykdysady durmuş bilen laýyklykda, türkmen edebi dilinde düýpli reforma geçirmek talaby öňe sürüldi. “Birinji Türkmen lingiwistik konferensiýasynyň” orfografiýa meselesinde kabul edilen kararynda dogry ýazylyş/ orfografiýanyň, fonotikanyň, morfologik alamatlaryň esaslandyrylmagy, 9 sany çekimli sesiň bolmagy, şoňa çenli giň halk köpçüliginiň özleşdiren daşary ýurt sözleriniň şol formada ýazylmagy, täze daşary ýurt sözleriň we terminleriň asyl esasyna golaý formada ýazuwy kadalaşdyryldy.

 Makalanyň awtory:

ARNE GOLI

Taryh ylymlaryň kandidaty

[1] Dilçi alym M. Geldiyew 1889-njy ýylda Çelekende dogulyar, Buharada okaýar, ýokarı bilimi Ufada alýar. 1931-nji ýylda repressiýa duçar bolup, ýok edilýär. Maňgyşlada doglan K. Böriýew barada kitabyň repessiýa duçar bolan ýazyjylar bölümde köpräk maglumat berýäris

نوشتن دیدگاه


تصویر امنیتی
تصویر امنیتی جدید

کتابهای منتشر شده

آمار بازدید کنندگان

بازدید امروز : 40
بازدید دیروز : 1662
بازدید هفته :3241
بازدید ماه :12912
بازدید کل :76631

شخصیت های مهم تورکمن

بیاد جانباختگان جنبش ملی تورکمن

  • توماج
    توماج
  • حاج محمد آخوندی
    حاج محمد آخوندی
  • جلیل ارازی
    جلیل ارازی
  • محمد اراز بهنام
    محمد اراز بهنام
  • حکیم شهنازی
    حکیم شهنازی
  • پرویز ایران پور
    پرویز ایران پور
  • سافارگل خالدزاده
    سافارگل خالدزاده
  • نورقلی پور
    نورقلی پور
  • سلیمان محمدی
    سلیمان محمدی
  • حمید یگن محمدی
    حمید یگن محمدی
  • عبدالله قزل
    عبدالله قزل
  • دورت لر
    دورت لر
  • رحمان بردی ندیمی
    رحمان بردی ندیمی
  • بهروز آخوندی
    بهروز آخوندی
  • انین گوگلانی
    انین گوگلانی
  • آرچا بصیری
    آرچا بصیری
  • قربان شفیقی
    قربان شفیقی
  • آتا خانجانی
    آتا خانجانی
  • حمید فرجاد
    حمید فرجاد
  • بهمن ایزدی
    بهمن ایزدی
  • توماجی پور
    توماجی پور
  • خدایبردی پنق
    خدایبردی پنق
  • صوفی زاده
    صوفی زاده
  • حاللی حاللی زاده (آلغیر)
    حاللی حاللی زاده (آلغیر)
  • عبدالرحمان دلاور اینچه برون
    عبدالرحمان دلاور اینچه برون