Gukmuhamedow

عبدالحکیم قولمحمدوف از بنیانگذاران فرهنگ انقلابی تورکمن، شرقشناس مشهوری بود که برتلس و بارتولد به وی افتخار می کردند از اینکه همچنین شاگردی داشتند. اما ماشین ترور استالینیستی این فرهیخته تورکمن را به جرم ملی گرایی دستگیر و در نزدیکی مرز تورکمن صحرا- تورکمنستان وی را تیرباران کردند که وانمود کنند وی در حین فرار به ایران توسط مرزبانان کشته شده است.

  Abdulhekim Gulmuhammedow

                                                                  (1879- 1932)

«Bölek-bölek dört tarapa pytran,

Ata-ene bir, türkmen ili birleşdi,

Zulum astynda dili bagly titrän,

Duýgy-düşünjesi, dili birleşdi.»

                                              A.Gulmuhammedow

   Bu setirler halkymyzyň merdana ogly, Türkmenistanyň 20-nji, 30-nji ýyllaryndaky medeni ynkylabynyň düýbüni tutan, bu ugurda şirin janyndan maýa goşan Abdylhekim Gulmuhammedowyňky.

   A.Gulmuhammedow 1879-nji ýylda Çärjewiň Halaç raýonynyň Akderi obasynda meşhur ahunyň maşgalasynda dünýä inýär, ýaşlykda oňa Abraý diýip at dakylýar. atasynyň ady Gulmuhammet mergen. Ol ilki Buharanyň dini mekdebinde soňra bolsa Ystanbulda gündogary öwreniş inistititynda okap, ýokary bilim alýar. Akademik Samoýlwiçiň 1928-nji ýylda ýazyşy ýaly, A.Gulmuhammedowyň çylşyrymly we gyzykly terjime haly bar. Onuň bary-ýogy 52 ýyla çeken ömri, geljekki ykbalyna düýpli täsir eden wakalara diýseň baý. Ol 20-nji ýyllaryň 1-nji ýarymynda profissýonal ynkylapçy, döwlet işgäri hökmünde giden tanymal bolsa, 2-nji ýarymynda guramaçy, metbugat işgäri, şahyr, kyssaçy, edebi tankytçy, alym, dilçi we taryhçy hökmünde uly meşhurlyk gazanmaga ýetişipdir.

   1924–1934-nji ýyllarda Türkmenistanda medeni ynkylabyň düýbi tutulýan döwrüniň 20-nji ýyllaryň türkmen edebiýatyndan söz açylanda, mysal üçin Bäşim Şirmyradowyň şeýle at bilen 1971-nji ýylda neşir edilen işinde, Baýrammyradowyň 1970-nji ýylda neşir edilen «Söweşjeň edebiýat ugrunda» diýlen eserinde, A.Gulmuhammedowyň ady köp agzalýar. Ýazyjylar şonlukda A.Gulmuhammedow hakynda 20-nji, 30-nji ýyllaryň «ur diýse–öldür» edilýän elhenç döwrüniň başyna giden tankyýtlaryny sözme-söz gaýtalamak bilen ony türkmen medeniýetinde we edebiýatynda «pantürkist, milletçi, türkmen buržuaz intellegensiýasynyň görnükli wekili» sypatynda ýere sokýarlar we şol ýyllaryň türkmen medeni-edebi gurulşynda bolan «bulam-bujurlyklar», kynçylyklar üçin «günä ýassygy» edip peýdalanýarlar. Olar, A.Gulmuhammedowyň türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe oýnan roluny, türkmen medeni gurulşynda görkezen hyzmatlaryna dogry baha berjek bolup arryklaryny gyýnaýarlar. Öz tassyklamalarynda «atlaryny ýeke çapýarlar».

   Arhiw materiallarynyň şaýatlyk etmegine görä, A.Gulmuhammedow 1918-nji ýylda Kommunistik partyýanyň hataryna girýär. 1920-nji ýylyň başynda döredilen «Zakaspy oblest» (häzirki Türkmenistan) ynkylaby komitetiniň Türkmenlerden bolan ýeke-täk agzasy hökmünde milli meselede uly işler bitirýär. Soň häkimiýet başyna gelenleriň göwnünden turmadyk işleri eden, mysal üçin türkmenleriň milli hökümetini döreden, ol ýykylandan soň bolsa daşary ýurda gaçyp gitmäge mejbur bolan Oraz serdar, Çary Garabekow, Han Ýomudski, Hajymyrat, Bekgi Berdiýew (jemi 15 adam) ýaly şol döwrüň görnükli şahyslaryň Sowet hökümeti tarapyndan günäleriniň geçilmegini we işlemek üçin ülkä çagyrylmagy ugrunda alada edýär.[1]

   Ärsary türkmenleriň Ulydepe tiresinden bolan A.Gulmuhammedow, Gyzylaýak, Kerki, soňra bolsa Buhara medreselerinde okap alym bolup ýetişýär. 1917-nji ýyllarda Buharada okap ýören döwründe A.Gulmuhammedow «Ýaş Buharalylar» at berilen «jedidçi-reformatik» herekete goşulýar we Buhara emirine garşy göreşe aktiw gatnaşýar. Şol döwürde ýazan bir goşgusynda A.Gulmuhammedow şeýle diýýär:

Türkmenleriň oturdygy öz ili,

Hazara ulaşar batyda[2] ýoly,

Gaýrasy Garagum, ilersi ajam[3],

Üç ýany çewrili[4], bir gala ýaly.

 

Gündogardan akýar Amynyň suwy,

Türkmen bilen aşyna[5], gark eder ýowy,

Ýomut, gökleň, teke, saryk, ärsary,

El-ele bersinler garyndaş ýaly.

 

Obalar jem bolsun, gelsin ýan-ýana,

Topraklar ekilip, geçsin daýhana,

Gökdepe şirleri direlsin ýene,

Ýowuna saldyrsyn misli döw ýaly.

 

Amydan batyýa açylyp aryk,

Topragymyz sulansa, görünmez horlyk,

Baý-garyp birleşse çekilmez zorluk,

Ün[6] salsyn jahana Oguzyň döli.

 

Hudaý abraý bersin türkmen iline,

Abraý bilen işimiz gider ýoluna,

Eý hudaýym rehim et Abraý guluňa,

Dilegimi duş et öwülýalar ýaly.

   1920-nji ýylyň sentýabri Gyzyl goşunyň kömegi bilen Buhara emirligi agdarylýar ýerine «Buhara halk respublikasy» jar edilýär we «Ýaş Buharalylar» partyýasy häkimiýeti eýelýär. Täze hökümetiň ynkylaby komitetiniň agzalarynyň arasynda Feýzolla Hojaýew bilen birlikde A.Gulmuhammedow-da bolupdyr. Başga maglumatlara görä Gulmuhammedow 1920-nji ýylyň ýazynda Baýramalyda türkmenlerden düzülen ilkinji atly Gyzyl goşun toparynyň komandyry bolupdyr. Ol Buhara kommunist partyýasynyň 1920-nji ýylynynyň 16-19 awgustynda Çärjew şäherinde bolup geçen 4-nji gurultaýynda ýaragly güýçleriň ýagdaýy barasynda öz  çykyşynda maglumat berýär. Buharada halk ynkylaby 1920-nji ýylyň tomusynyň ahyrynda, awgustyň 28-inden 29-yna geçilen giýjede, sagat 4-lerde A.Gulmuhammedowyň toparynyň Çärjew beginiň galasyna çozmagy bilen başlanýar. Buharada ynkylap ýeňiş gazanandan soň, ony Buharanyň harby ministri wezipesine hödürleýärler. A.Gulmuhammedow birnäçe wagtlap Buhara jemhuriýeti hökümetinde işleýär.

  A.Gulmuhammedow Buhara türkmenleriniň görnükli wekili hökmünde orta çikýar. Emma «Ýaş Buharalylaryň», Buharada garaşsyz, liberal, milli döwlet gurmak ugrunda jan aýamadyk göreşlerinde bolşewikleriň «kömegi» olaryň şondan soňky ykballaryny kesgitleýär. Sowet hökümeti goşun güýjüne daýanyp, Buhara kommunist partyýasynyň kömegi bilen Buharanyň erkinligini içden ýumurýar we häkimiýeti öz eline geçirýär.

   Bu wakadan soň Owganystana sygnan türkmenler, bolşewiklere garşy gazaply göreş alyp barmaga mejbur bolýarlar, A.Gulmuhammedow hem bolşewiklerden bizar bolup, Owganystandaky ildeşleriniň arasyna sygynýar. Bu barada «Azatlyk Radiosynyň arhywynda saklanýan bir ses ýazgyda A.Gulmuhammedowyň ýakyn dosty, ýoldaşy Pirnepes Bab ogly şeýle gürrüň berýär:

   1921-nji ýylda öz maşgalasy bilen Owganystana sygnan A.Gulmuhammet, 32-nji ýylda yzyna gaýdyp gelýär. Emma şol ýylyň 21-nji ýanwarynda kommunist partyýanyň jaýynda GPU-nyň organ işgärleri tarapyndan tussag edilýär. Onuň derňew işi geçirlip ýörkä, 1923-nji ýylyň 4-nji oktiýabrinda tussaglygdan gaçyp, ýene Owganystana geçýär.»

 

   Bu hakykat, ýagny bosgunlykdan öwrülip gelenlere yza berilmek-ä beýle-de dursun, gaýtam olara maddy we ruhy kömek berilýär propagandasyny puça çykarýar. Bu barada Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Nedirbaý Aýtakowyň «Şura Türkmenistanyň bir ýyly» atly kitabynda şeýle maglumat berilýär:

«1918, 19, 20-nji ýyllarda bolan ýurtdaşlar urşy (graždanlyk urşy-AG), Kerki we Leninski okraoglarynda ýaşaýan türkmenleriň Owganystan ýurduna gaçyp gitmelerine ýagny imigrant bolmalaryna sebäp bolundy. Hatta käbiri ynkylabyň nämedigini düşünmezliklerinden Buhara emiri bilen birlikde şuralar hökümetine garşy urş edipdiler. Emma Türkmenistan ýurdunyň sap (arassa) ygtyýarly döwlet bolup gurulmasy emigrantlaryň hem gözlerini açdy. Şýelelikde olar topar-topar bolup öz watanlaryna gaýytmaga başlandyrlar. Hökümet tarapyndan emigrantlarmyzyň gaýtmasyna her hili maddy we mänewi (ruhy) kömekler hem berilmekdedir.»[7]

hekim1  

o. 1926-njy ýylda arapça/jezidçe hat bilen A.Gulmuhammedowyň tagallasy bilen

çap edilen Seýdiniň we Zeliliniň kitapalarynyň daş görnüşi

   Pirnepes aganyň gürrüň bermegine görä Owganystandaky bosgunlar Günbatara /Ýewropa tarap göçmegi ýüreklerine düwýärler, olaryň bir topary şol sandan onuň özi Türkiýäniň we Eýranyň Maşat şährindäki konsulhanalaryna ýüz tutupdyrlar. Şol döwürde A.Gulmuhammedow hem Maşatda bolupdyr. Bu wakalardan soň A.Gulmuhammedow ýene Türkmenistana dolanyp,  dogduk mekanynda ýaşaýar.

   1925-nji ýylyň fewralynda Gulmuhammedow Aşgabatda bolup geçen bütin «Türkmenistan Şuralarynyň 1-nji gurultaýyna» wekil bolup gatnaşýar we Gaýgysyz Atabaýewiň teklip etmegi bilen Nedirbaý Aýtakowyň baştutanlygynda döredilen Türkmenistanyň ilkinji merkezi ijra-iýe komitetiniň düzümine beýlekileriň hatarynda biragyzdan saýlanýar. Mälim boluşy ýaly şol gurultaýda Türkmenistan SSR-iniň döredilndigi resmi taýdan jar edilýär.

   Türkmenistan jemhuriýetiniň döredilmegi we busgunlar barasynda günä geçişiň/ amnestiýanyň jar edilmegi bilen 1925-nji ýyldan başlap, Gulmuhammedow «Şuralar Türkmenistany» gazetiň baş redaktorynyň orunbasary bolup işleýär. 1926-nji ýylda türkmen klassikleri “Seýdiniň” we “Zeliliniň” goşgular ýygyndylaryny ýygnap neşir etdirýär, özüniň-de «Umyýt ýalkymlary» atly goşgy ýygyndysy çapdan çykýar. Ondan bir ýyl öň bolsa «Türkmenistan» gazetinde «Deňsimedik dul galar» diýen powesti köpçülige hödürlenýär. Döredijiliginiň bu başky 3 ýylynda ýagny 1925­–1928-nji ýyllary arasynda ol giň sözbaşylar ýazyp, Alyşyr Nowaýynyň «Mohakimet-ul logateýin» (Sözler deňeşdirmesi) kitabyny we «Saýatly-Hemra» destanyny özbaşdak kitap edip çykarýar. 20-nji ýyllaryň ahyrlarynda metbugat sahypalarynda onuň adyna seýrek duş gelinýär, sebäbi A.Gulmuhammedow şol ýyllarda Leningrada aspirantura okuwa gidýär. Akademikler Samoýlowiçiň we Bartoldyň ýolbaşçylygynda ylmy iş ýazyp başlaýar. Ol Leningratda birnäçe ýyl okapdyr. Şol ýyllarda türkmen klassiklerine, taryhyna we etnografiýasyna degişli köp eserler ýygnap neşir etdirýär, şolardan «Türkmen şahyr we ýazyjylarynyň bibliografik sözlügi», «Orta Aziýa edebi ýadigärlikler boýunça materiallar» atly eserleri sanamak bolar. Akademik Samoýlowiç özüniň «Türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçrikler» atly eserinde Gulmuhammedowyň köp peýdalanyp, onuň monografiýalaryna ýokary baha bermek bilen «olar biziň, türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça maglumatymyzy giňledýär» diýip ýazýar. Şeýle-de «Turkmenowedeniýa» žurnalynyň 1928-nji ýylynyň 7-8-nji nomerlerinde dogry bellenişi kimin «Türkmen edebiýaty boýunça ilkinji ylmy-derňew işler Gulmuhammede degişli bolup, ol türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça köp eserleri ýazdy».

   «Türkmenistan» gazetiniň 1930-njy ýylyň 21-nji maýynda çykan sanynda habar berilşine görä şol ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň edebi dil, orfografiýa we terminologiýa meselelerine bagyşlanan 1-nji ylmy konfrensiýa öz işine başlaýar. Ony G.Atabaýew açypdyr hem söz sözläpdir. Konfrensiýada Gulmuhammedow hem çykyş edip, Leningratda okaýan türkmen studentleriniň hem ylmy işgärleriň adyndan gutlag sözlerini aýdypdyr.

 

[1] «Syýasy söhbetdeş» žurnaly. 1991-nji ýyl 1-nji san.

[2] Günbatar-Türkiye türkçesi.

[3] Pars, Eýran

[4] Gurşalan-Türkiýe türkçesi.

[5] Tanyş

[6] Şöhrat-Türkiýe türkçesi.

[7] N.Aýtakow: Şura Türkmenistanynyň bir ýyly. TDN. Poltaratski (Aşgabat) 1926. S.9

1926-njy ýylda arapça/jezidçe hat bilen A.Gulmuhammedowyň tagallasy bilen

çap edilen Seýdiniň we Zeliliniň kitapalarynyň daş görnüşi

   Leningratdan dolanyp gelenden soň, ony  «Türkmen kult»da, ýagny türkmen halkynyň taryhyna degişli golýazmalary ýygnamak hem olar barada düşündiriş çap etmek işine jogapkär edilip belleýärler. Bu, 1931-nji ýylyň başy bolmaly, özi-de bu, onuň ömrüniň soňky ýyly. Bu ýyl Gulmuhammed has oňaýly işler bitirýär.

   A.Gulmuhammedow öz işlerinde we köp edebiýat meseleleri boýunça jedelli çykyşlarynda türkmen edebiýatynda orun tutarlygyna, edebi myrasy aýawly özleşdirmegiň zerudygyna, hususan-da Magtymgulynyň we onuň döwürdeşleriniň galdyran edebi myrasynyň türkmen halk köpçüligine düşnükli we gadyrlydygyna ünsi çekýär. Ol, şonlukda irki ýyllarda biziň medeni, edebi myrasymyzy inkar etjek bolýan Sowetçiler, täze medeniýeti boş ýerde döretjek bolýan, prolet kultçiler ýagny «işçyler diktaturasyny» berkarar etjeklere garşy çykdy. Gulmuhammedow şeýle-de Magtymguly şahyry we beýleki ýazyjylary syýasy wagyz-nesihatçy derejesine düşürmek, edebiýaty syýasy agitatsiýa aýlandyrmak boýunça şol ýyllardan başlanan «edebiýatda synpylyk» diýen syýasat bilen ylalaşmady. Ol, bu ugurda ýeke däldi, güýç-häkimiýet olaryň tarapynda bolmasa-da, hakykat we halk olaryň tarapyndady. Öz halkynyň ummanyndan çykan intellegentsyýanyň wekilleri 1928-nji ýyllardan başlanan, şeýle dil, edebiýat syýasaty bilen, ýutda synpy göreş, mejbury kollektiwleşdiriliş, baý-kulak, tutha-tuluk syýasaty bilen ylalaşyp oňa göz ýumup durup bilmediler. Halkyň bu ýat häkimiýetiň garşysyna göreş alyp barýan bir döwürde Gulmuhammedow ýaly ynsanlar halkyň tarapynda merdana durdular.

   1932-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda «Türkmenistan» gazeti Aşgabat şäheriniň 8-nji partyýa konfrensiýasynda Türkmenistan kommunistik partyýasynyň MK-niň sekretary Popokyň eden çykyşyny çap edýär. Çykyşynda ol Abdylhekim Gulmuhammedowyň daşary ýurda gaçjak bolandygyny hem serhetçilere üstüni basdyryp, öz-özüni atandygyny öňe sürýär. Şol döwrüň partyýa hem metbugat materiallarynda bu hakda hiç zat aýdylmandyr. Soňky wagtlar resmi maglumatlar ynamdan gaçyp gelipdi. İl arasynda bolan gürrüňe görä Pöwrizede dynç alyp ýören Gulmuhammedowy güýç bilen araçägiň golaýyna eltilip, şol ýerde hem atylyp öldrüpdirler. Bu wakanyn nähili bolandygyna garamazdan 1931-nji ýylyň 2-nji ýarymynda Abdylhekim Gulmuhammedowyň ömür tanabynyň gyrlandygy şüphesizdir. Diýmek, ol 52 ýasyndaka bu dünýä bilen hoşlaşmaly bolupdyr. Başga bir gürrüňe görä Gulmuhammedow 1932-nji ýylda Saragyt çölünde araçäkden gaçyp gitmekçi bolanda ele düşmejek bolup öz-özüni atandygy aýdylýar.

   Bu makalanyň soňunda A.Gulmuhammedowyň 1926-njy ýylda Türkmenistan döwlet neşriýaty tarapyndan arap hatynda çap edilen «Umyt ýalkymlary» atly goşgular depderinden parçalary saýlap almagy makul gördük. Bu kitaba göreşjeň alym Kümşaly Böriýew sözbaşy ýazypdyr:

hekim2

A.Gulmuhammedow: Umyýt Ýalkymlary. TDN. Aşhabat. Poltaratskiy. 1926

Tur sen uwkydan aýyl,

Besdir munça zaman indi.

Eý zähmetkeş türkmen ogly,

Taryhy Türkmenistan ülkesi,

Gurduň. Giýje-gündiz işle.

 

Her millet aýylsa gyflat uwkydan,

Owwal başlap aň bilime zor eder.

Bilimsizlik derdi, bir ýaman dertdir,

Çafyga[1] derdi dek gözi kör eder.

 

Bilmsiz milletler herne bolarsa,

Ökde gelip, ýer ýüzüni alarsa,

Maly dünýä barça zady bolarsa,

Ahyr bir gün öz-özüni har eder.

 

Okuwdan-ýazuwdan mahrum bir iliň,

Barça fesad[2] dörär içinde biliň.

Ogrulyk, tirýekkeş, gumarbaz, biliň

Milletiň diýrije jaýyn gör eder.

 

Owwal gylyç tutan batyr türkmensiň,

Batyrlygyň dünýä mälim edensiň,

İndi gylyç ornuna galamyň algyn,

Bugün isleg-myradyňa ýetensiň.

 

Garagyş çykmazmy munça ýyllap?

Sözle zarynly, söýgüli sazym,

Gökden ösen gözel ýakymly ýeller

Sözle ne wagt çykar parlak ýyldyzym

 

ARNE GOLI

                                 

 [1] Bir hil göz agyr derdi bolsa gerek.

[2] Pislik

soltan

سیاست اسکان اجباری رضاشاه بسیار خشونت آمیز و و حشیانه بود اغلب محققان خارجی به این امر اشاره کردند. یکی از آنها اولیور گارود بود وی نوشت: روش‌های اتخاذ شده، جهت اسکان ایل، وحشیانه، بیرحمانه و کوته‌بینانه بود... حکومت،‌ شرایط لازم برای تغییریکباره و ناگهانی اقتصاد آنان از شبانی (دامداری) به کشاورزی را پیش‌بینی نکرده بود. مناطق انتخابی برای اسکان، بدون در نظر گرفتن شرایط محیطی و سازگاری با آن، برگزیده شده بود... در نتیجه، مرگ و میر کودکان آنها نیز افزایش یافت.

eyyubi1

در سندی مربوط به عصر ایوبیان، پی می بریم که آنها اوغوز(ترکمان) بوده اند، سندی که ادعای نویسندگانی چون بدلیسی را که حدودا سیصد سال بعد ادعای کُرد بودن آنها را دارد، رد می کند.

سندی که در زیر ارائه می شود مربوط است به اثری به نام « کتاب السمط الغالی الثمن فی اخبار الملوک من الغُز فی الیمن»[کتاب بسیار ذی قیمت در ذکر اخبار پادشاهان اوغوز در یمن] که امیر بدرالدّین محمد بن حاتم بن احمد بن عمران بن الفضل الیامی الهمدانی در سال 1295/694 نگاشته است. و با توجه به اینکه نویسنده هم دوره ایوبیان بوده و هم عصر سلطان توران شاه ایوبی (فوت 1295 م.) است، نوشته وی بیشتر از مورخین بعدی در خصوص ایوبیان موثق می باشد. از این رو روایت وی در خصوص اصل و نسب ایوبیان و صلاح الدین بیشتر از روایت شرف الدین بدلیسی قرین حقیقت است. چرا که شرف الدین از ۹۴۵/1538 قمری تا 1007/ ۱۵۹۹ ( یا 1011/ ۱۶۰۳) می زیسته است. یعنی در حدود سیصد سال بعد از ایوبیان، بدلیسی کتاب شرف نامه خود را به رشته تحریر در آورده است که می تواند اطلاعات وی غیر موثق تر از بدرالدین الیامی باشد. از این رو به وضوح شاهد هستیم که در کتاب اخبار پادشاهان اوغوز در یمن از اوغوز بودنشان سخن می رود و عنوان کتاب نیز پیرامون پادشاهان اوغوز است که ذکر ایوبیان نیز در این موضوع می شود. او بلافاصله بعد از مقدمه و در آغاز کتاب خود می نویسد:

eyyubi 1

«و اکنون که ما آغاز می کنیم در شرح سیرت همه این پادشاهان، می دانم اولین سلطان یمن از اوغوز[به ترکمانان اوغوز می گفتند] پسران ایوب پادشاهان سرزمین مصر هستند…

آنچنان که مشاهده کردید بدرالدین محمد الیامی به وضوع بر اوغوز بودن ایوبیان اشاره می کند و با توجه به هم دوره بودنش با ایوبیان مطلب وی صحیح تر و متقن تر است.

منبع

http://gadtb.com/fa/%D8%B3%D9%86%D8%AF%DB%8C-%D8%A8%D8%B1-%D8%AA%D8%B1%DA%A9%D9%85%D9%86-%D8%A7%D9%88%D8%BA%D9%88%D8%B2-%D8%A8%D9%88%D8%AF%D9%86-%D8%A7%DB%8C%D9%88%D8%A8%DB%8C%D8%A7%D9%86-%D9%88-%D8%B5%D9%84%D8%A7/?fbclid=IwAR3OptN4OLyJJ34pnSHnz_TIrwY88MN4syOZAYT5shCbQ8KDzcCruMT9WnA

p3

این گروه از تورکمن ها که توسط عوامل رکن دوم تیپ مستقل گرگان دستگیر شده بودند در تاریخ 18 اسفند 1317 با حکم دادستان تیپ مستقل، سرگرد رستگار به تهران اعزام و در آنجا با اتهام "ارتباط با مأمورین شوروی" تحت بازجوئی قرار گرفته اکیدا تأکید می شود که در زندان حق ملاقات را با احدی را ندارند.

نوه های آناتوماج در جریان جنبش ملی و مبارزات ملی- دمکراتیک سالهای 1357 و ببعد در راستای آگاهی مردم تورکمن و ایجاد تشکل های مردمی مبارزه کردند. یاد شهید رجب محمد خدری توماج و محمد توماج در دل و یاد ملت تورکمن ماندگار است.

araçak

Gökdepe galasy basylyp alnandan takmyn 11 aý soňra ýagny 1881-nji ýylyň 9-njy dekabrinde/1299-nji hijri ýylyň baş aýynyň 29-ynda Eýran tarapyndan daşary işler weziri mürze Seýit han Motemen-ul molk

owgan gazy

آوغان قاضی که یکی از قضات خیلی معتبر ترکمن های جعفربای است در سال 1327 ق/1910 که در "دال گپلف" قنسول روس در اینجا مامور بوده است، آوغان قاضی را حبس نموده بعد خودش به صحرای ترکمان رفته.... بی احترامی های فوق العاده به قاضی نموده است.

Krupotkin madritoe

    تـورکمنلرینگ اؤنگده بارئجئ یولباشچئلارئندان حاجی بابا، باباقیلیچ، مرگن آرچئن داغئ تورکمن صحرادا ملی دؤولت قورماق اوغروندا برک گؤرشیأرلر. روس هم پارس چشمه لرینده اولار پان تورکیست حؤکمۆنده قارالانیار. اولارئنگ آلئپ باریان ماقصادئ باراسئندا تهراندا چاپ بولیان "اطلاعات" روزنامه سی سونگ- سونگلار، ۱۹۴۲- نجی یئلدا تـورکمنلره قارشئ تؤهمت آتئجئ بیر مقالاسئندا، قورولجاق بو ملی تورکمن دؤولتی نینگ یوقارئ وظیفه لرینه سایلانجاق آدملارئنگ آدلارئ نئنگ بیلینیأندیگینی یانگسئدیار.

ژنرال مادریتوف ۴- نجی دسامبردا آق قالانئ باسئپ آلیار و اول یرده حاربئ قرارگأه دؤرِدیأر. مادریتوفئنگ یولباشچئلئغئنداقئ قشون نیرأ بارسا یاقئپ- یئقئپ، آدملارئ اسیر آلئپ، مال- قارانئ تالایار. آننامحمد (قاراش) حانئنگ اوغلئ حان یومودئنگ حابار برمگینه گؤرأ مادریتوفئنگ یؤریشینده ۵ مونگ سانئ توخوم آط، ۱۰۰ مۆنگ قویون، ۴۸۰۰ دۆیه، ۲۵۰۰ سئغئر حالئ، کچه و کومیش تالانیار، حوت مادریتووفنگ اؤزی ۶۴ پوط کومیش بیلن آغرامئ ۸۲ پوطا بارئپ یتن حاللارئ تالایار. تیز واقتئنگ ایچینده حاربئ دادگاه نئنگ (دادگاه نظامی) قرارئ بیلن اونلارچا تورکمن آتئلئپ اؤلدۆریلیأر.

Araçäk3

در هنگام فرار از حمله روسها به روستایشان، مادرش در نتیجه اصابت گلوله جان می بازد. بقیه افراد خانواده بهنگام عبور از بیابان به طرف مرز دچار مشقات سنگین می شوند، یکی از بچه های کوچک نظر آقا از قافله آشفته در حال فرار جا مانده از تشنگی فوت می کند. آنها که با مشقت فراوان به صحرای شمال گنبد رسیده ساکن می شوند. بدبختانه آنها گرفتار ایام بیگاری رضاشاهی شدند

saja

Şaja Batyryň terjime haly

 (3.10.1908 - 14.10.1965)

Türkmeniň gerçek ogly, döwlet we partiýa işgäri Ş.Batyrowyň doglan gününe bagyşlanýar

Şaja Batyrowyň ady Türkmenistanyň ýakyn taryhynda mertligiň, edermenligiň, Türkmen kadrlaryň işlere çekilmek meselesi bilen uýtgaşdy.

indian

باریپ 1990-نجی یئلینگ 13-نجی آگوستئندا، تورکمنیستانئنگ گؤرنوکلی عالئمی، تورکمنلرینگ گچمیش تاریخی حاقئندا، ادبیاتی هم ملی میراثی دوغروسئندا قیزیلا غاپلایمالی ماقالالار یازان آحمد بکمئرادوف جدا ایر آرامئزدان آیریلدی. بیز مرحومی یاتلاپ اونونگ "آمریکانی" ایلکی بولوپ کیم آچدی" دیین مقالاسینی سیز بیلنپایلاشماغی ماحول گؤردوک.

ایلكی بولوپ آمریكا آرالاشماق اوغوز توركمنلری نینگ پایینا دوشوپدیر

meshrute

14 مرداد مصادف با سالروز صدور فرمان مشروطیت توسط مظفرالدین  شاه قاجار است. در واقع فرمان مشروطه دستور تشکیل مجلس شورا در ایران و ثمره تلاش های آزادیخواهان وطن برای رهایی از استبداد مطلق شاهنشاهی است.

suren

ایراندا تورکلرینگ و تورکمنلرینگ تاریخینا دگیشلی ماغلوماتلار المیداما قالپلاشدیریلیپ گلینیأراشکانی لارا دگیشلی تاریخی یادیگأرلیکلر، ادبی متن لر و بئیله کی ماغلوماتلار ساسانی لار طاراپیندان یوق ادیلیپدیر.

حأضیر اشکانی لار، ایرانلی بیر سلسله ادیلیپ گؤرکزیلیأر، اولارا دگیشلی یر- یورت آتلار بولسا دگیشدیریلیأر. "سورن" و "قارن" اشکانی لارینگ بللی آریستوکرات ماشغالالاری بولوپدیر. بو ایکی ماشغالا دؤلت درجه سیندأکی أهلی قارارلاری قبول ادیپدیرلر.

روز ۱۴ژوئیه‌‌‌‌‌‌‌ سال ۱۷۸۹ زندان باستیل در شهر پاریس توسط مردم و انقلابیون فرانسوی فتح شد و نماد پیروزی انقلاب کبیر فرانسه شد.
دراثر خودکامگیها و فساد دستگاه سلطنتی، فقر و مسکنت، زندگی مردم شهرها وبه‌ویژه دهقانان را فرا گرفته بود. مردم خشمگین و به‌جان‌آمده پاریس از تمامی اقشار و طبقات، به‌همراهی انقلابیون و مخالفین حاکمیت سلطنتی، برای تهیه اسلحه به ‌قلعه باستیل حمله کردند.
باستیل، قلعه‌ای بود دردروازه سنت‌آنتوان پاریس که بنای آن درسال ۱۳۷۰ میلادی درزمان شارل پنجم آغاز و درسال ۱۳۸۲ پایان یافته بود.
خبر فتح زندان باستیل که سمبل قدرت دستگاه استبدادی بود، تمام مردم فرانسه را به‌هیجان آورد و انقلاب فرانسه را وارد دوران جدیدی کرد. 

تصویر بازسازی شده "رصدخانه اولوغ بگ" در سمرقند- ازبکستان، پیش از تخریب بدست متعصبان مذهبی در 1449 میلادی. این رصدخانه در زمان خود یکی از بزرگترین و پیشرفته ترین رصدخانه های جهان بود.

دولتهای استعمارگر روس و انگلیس و حکام غدار تهران برای محو هرگونه جنبش آزادیبخش تورکمنها از هر وسیله ای استفاده کردند. بخصوص دولت استعمارگر روسیه تزاری نه تنها به امحای فیزیکی بلکه به نابودی اندیشه ملی تورکمنها نیز دست یازید. ژنرال روسی اسکوبلف در ایام هجوم به گوک دپه در سال 1881 مرتبا دستور می داد که به اندیشه  ملی تورکمنها ضربه زد

۱۹۲۵-نجی یئلدا جمهورییت اوغرونداقئ گؤرشلر باسئلئپ یاتئرلاندان سونگرا تۆرکمنصأحرادا بولوپ گچن کأبیر حالق حـرکتلری

 (آنناگلدی آجئنگ، آشئر کـۆتی نینگ، مردآلئ نئنگ،  هم- ده ۱۹۲۶- نجئ یئلدا ماراوادپه دأکی افسرلرینگ ۱- نجی غوزغالانگئ بارادا)

تۆرکمن تاریخی نئنگ غئسغاچا کرونولوژیسی

کتابهای منتشر شده

رویدادهای مهم در تاریخ تورکمن

شخصیت های مهم تورکمن

بیاد جانباختگان جنبش ملی تورکمن

  • توماج
    توماج
  • حاج محمد آخوندی
    حاج محمد آخوندی
  • جلیل ارازی
    جلیل ارازی
  • محمد اراز بهنام
    محمد اراز بهنام
  • حکیم شهنازی
    حکیم شهنازی
  • پرویز ایران پور
    پرویز ایران پور
  • سافارگل خالدزاده
    سافارگل خالدزاده
  • نورقلی پور
    نورقلی پور
  • سلیمان محمدی
    سلیمان محمدی
  • حمید یگن محمدی
    حمید یگن محمدی
  • عبدالله قزل
    عبدالله قزل
  • دورت لر
    دورت لر
  • رحمان بردی ندیمی
    رحمان بردی ندیمی
  • بهروز آخوندی
    بهروز آخوندی
  • انین گوگلانی
    انین گوگلانی
  • آرچا بصیری
    آرچا بصیری
  • قربان شفیقی
    قربان شفیقی
  • آتا خانجانی
    آتا خانجانی
  • حمید فرجاد
    حمید فرجاد
  • بهمن ایزدی
    بهمن ایزدی
  • توماجی پور
    توماجی پور
  • خدایبردی پنق
    خدایبردی پنق
  • صوفی زاده
    صوفی زاده
  • حاللی حاللی زاده (آلغیر)
    حاللی حاللی زاده (آلغیر)
  • عبدالرحمان دلاور اینچه برون
    عبدالرحمان دلاور اینچه برون

نظرات کاربران