saja

Şaja Batyryň terjime haly

 (3.10.1908 - 14.10.1965)

Türkmeniň gerçek ogly, döwlet we partiýa işgäri Ş.Batyrowyň doglan gününe bagyşlanýar

Şaja Batyrowyň ady Türkmenistanyň ýakyn taryhynda mertligiň, edermenligiň, Türkmen kadrlaryň işlere çekilmek meselesi bilen uýtgaşdy.

Onuň wezipede bolan wagtynda Aşgabatda uly tebigi betbagtçylyk, 1948-nji ýylyň 5-nji oktiýabrdäki ýer yranmasy boldy. Telefon gatnaşyklar kesilen. Gije ýary Şaja Batyr velsepide münüp, Aşgabat airoportyna baryp ol ýerden, bolan wakany Moskva habar berip, kömek sorapdyr. Ol şeýle-de ermileriň we beýleki gelmişekleriň ýerine Türkmenlerden işçi kadr alynmagy ugrunda köp alada edipdir.
Ş.Batyrow Aşgabatdaky uly söwda merkezi- rusça «univermagyň» açylyşyna baranda: «bu univermag däl-de ermeni bag» diýen eken. Jemgyýetçilik we döwlet işgäri, taryh ylymlaryň doktory Şaja Batyrowyň terjime haly barada Türkmen Sovet Ensiklopediýasynda şeýle maglumat berilýär:

«Jemgyýetçilik we döwlet işgärdi, alym, guramaçy. TSSR ylymlar akademiýasynyň prezidenti (1959-1965), SSSR ýokary sovetiniň (2-3 çagyrylyşlar) we TSSR ýokary sovetiniň (1,2,3,5,6 çagyrylyşlar) deputaty. 1930-njy ýyldan SSKP-niň agzasy. Ol 1908-nji ýylyň 3-nji oktiýabrynda Türkmenistanyň Bäherden raýonynyň Deşet obasynda garyp daýhan maşgalasynda dogulýar. 1927–1929-njy ýyllarda Aşgabatdaky mugallymçylyk kursunda okaýar. 1929–30-njy ýyllarda Bäherden raýonynyň Börme obasynda «batraçkomyň» (batrakçylar komitetiniň) başlygy we komsomol guramasynyň sekretary bolup işleýär. 1930–32-nji ýyllarda Bäherdende mugallymçylyk edýär.
1932–34-nji ýyllarda Aşgabat pedagoky inistitutynda okaýar. 1934–36-njy ýyllarda şol nistitutyň taryh fakoltetinde aspiranturada okaýar, 1936-njy ýylyň ýanwarynda heniz aspiranturany gutarmanka, TK(b)Partiýasynyň MK-niň burosynyň karary boýunça «Sovet Türkmenistany» gazetine işe geçirilýär. 1937–38-nji ýyllarda Moskvada redaktorlar we terjimeçileri taýýarlaýan kursda okaýar.
Ol 1938–41-nji ýyllarda «Sovet Türkmenistany» gazetiniň jogapkär sekretary, redaktoryň orunbasary, Türkmen dil we edebiýat ylmy-barlag inistitutynyň direktory, TSSR Halk  omissarlar şurasynyň ýanyndaky sungat işleri baradaky edaranyň ýolbaşçysy bolup işleýär.

1952–54-nji ýyllarda Moskvada jemgyýetçilik ylymlar akademiýasynyň spiranturasynda okap, 54-nji ýylda taryh ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. 1954–59-njy ýyllarda Lenin adyndaky Türkmen Döwlet Pedagokik inistitutynyň direktory we onuň Markesizm-Lenenizm kafederasynyň müdüri bolup işleýär. 1959-njy ýylda Türkmenistan ylymlar akademiýasynyň akademigine we prezidentligine saýlanýar. 1962-njy ýylda taryh ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini alýar. Şaja Batyrow ululy-kiçili bir topar işleriň şol sanda «SSSR-de sosýalisitik milletleriň emele gelmegi we ösmegi» diýen uly düýpli işiň avtorydyr. Ol Lenin ordeniniň 2-si, «Watançylyk urşy» ordeniniň 1-nji derejesi we «zähmet gyzyl baýdak» ordeni we birnäçe medal bilen syýlaglandy.
1965-nji ýylyň 14-nji oktiýabrynda tribunada çykyş edip durka ýogalýar» «Turkmenii» atly almenahda Şaja Batyrowyň öz döwründe ýazyjylara hemaýat berendigi, “gadan” edilen klassik eserlerimiziň çap edilmegine syýnanşandygy we ýene birnäçe gyzykly maglumat ýerleşdirilipdir:

«Tebigat oňa lidere mynasyp sypatlar eçilipdir. Boýy iki metere ýakyn bu adamyň, burma saşlary, mäherli ýüzi, gussaly hem balkyldap duran gözleri hem ýakymly ýogyýn sesi bardy. Onuň Türkmenistanyň ýolbaşyçylygynda bolan ýyllary- 1943–51-njy ýyllar iň agyr, urş, uruşdan soň dikeldiş hem Aşgabat ýer titremesi, onuň getiren zyýanlaryny ýok etmek döwürlerine gabat geldi.
Şaja Batyrow Kom partiýanyň 1-nji sekretar wagty dünýäde iň uly, Garagum kanaly düýpli proýektirlenip başlandy. 1951–53-nji ýyllarda Türkmenistanyň Orsýete birleşmegi dogrusynda ylmy diskutsiýalar geçirildi. Türkmenistanyň basylyp alynandygy inkär edilmese-de netijede bu işiň peýdaly bolup çykandygyna äheň berilýärdi.

Şaja Batyrowyň kariýerasynda Türkmen intellegentsiýasynyň repressiýa duçar edilen ekillerine tarapdarlygy dramatik rol oýnady. Ol 1-nji skretaryň wezipesinden hiç hili dawasyz, goh-galmagalsyz, paş edilmesiz boşadylýar.
Moskwa okuwa iberilýänligi sebäp görkezilýär. Emma munuň esasy sebäbi ideologiýadaky hasaplaryň dogry çykmanlygydy.

Milletçi edebiýatçylar atlandyrylýanlary Şaja Batyrow ganatynyň astyna açyk  alýardy. İçeri işler Halk Komissarlygynyň soraglaryndan belli bolşuna görä şol milletçiler partiýanyň syýasatyndan Sovet häkimiýetinden nägilediklerini ýaşyrmandyrlar. Talantly hem akylly adamlary goramaga çalyşyp, Ş.Batyrow köp adamlary şol sanda Şabendäniň «Hojamberdi han», Abdylsettar Kazynyň «Jeňnama» dessanlaryny çap eden Baýmuhammet Garryýewi, 1941–51-nji ýyllarda Merkezi Komitetiň agitatsiýa we propaganda müdüri bolup işlän Orazmet Abdalewi, terjimeçi Bagşy Jürmenegi yýzarlamalardan aman saklapdy.
1951-nji ýylyň başynda alym Mäti Köseýewiň çapa taýýarlan «Gorkut ata» kitabyny jemgyýetçilik bolup ýazgarma kompaniýasy dowam edýän wagty, Şaja Batyrow ony ýaýratmak barada görkezme bermekden gorkmady. Diňe 1-nji sekretaryň wezipesinden boşadylmagy kitabyň çap edilmeginiň öňüni aldy.Batyrow giden soň 1951-njy ýylyň fewralynda Kom partiýanyň MK-niň burosynda taryh we edebiýat inistutyň direktory Baýmuhammet Garryýew wezipesinden boşadyldy. Partiýanyň Merkezi komitetiniň täze sekretary Suhan Babaýewiň, Şaja Batyrowyň adyny garalamak üçin köp aladalar edendigini, Batyrowyň özi boýun alypdyr.
1952-nji ýylyň awgustynda Moskvanyň görkezmesi bilen milletçi edebiýatçylary tussag etmek başlandy. Bu beladan ony jemgyýetçilik ylymlar akademiýasynda okaýanlygy halas etdi. Bary bir Bagşy Jürmenegiň öz garşysyna içeri işler halk komissarlygyna beren görkezmeleri üçin Nikita Huroşçowyň adyna düşündiriş ýazmaly bolupdy. Beýlekilere görelde bolar ýaly mertbesini saklap mekirlik hem ýakynlaryny garalaman, Şaja Batyrow «toba» edipdir.»
Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti, görnükli Türkmen alymy, Şaja
Batyrow 1965-nji ýylyň 14-nji oktiýabrynda şol wagt metbugatda bildirilişi ýaly «söweş
postynda» tarpa taýyn aradan çykdy. Ol Türkmenistan Kom Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň 11-nji plenumynda respublikada ylmy ösdürmegiň prespektivalary barada çykyş edip durka, sözüni soňlap bilmän, ýüregi durup 57 ýaşyň içinde wepat boldy.
1950-nji ýylyň başlarynda geçirilen arassalaýyşlar wagtynda Batyrow namenkluturanyň/häkimiýete ýokary gatlaklaryň merhemetini ýogaldyp, 2-nji derejeli wezipelere geçirilýär.
Diňe 1959-njy ýylda Suhan Babaýew Türkmenistan Kom Partiýasynyň 1-nji sekretary
wezipesinden boşadylandan soň Ş.Batyrow ýene-de respublikanyň syýasy sahnasynda peýda bolýar we Babaýewiň «guýrugy» diýlip iş başyndan aýrylan filosofiýa ylymlaryň professor Geldi Çaryýewiň ýerine Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň prezidenligne saýlanýar we tä ömrüniň ahyryna çenli şo wezipede işleýär. Ýeri gelende aýytsak Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh inistitutyna Şaja Batyrowyň ady dakyldy.

A.Goli

Şaja Batyrow ad. T.Y.Akademiýasynyň Ş.Batyrow ad. Taryh inistitutiniň ozalky işgäri

نوشتن دیدگاه


تصویر امنیتی
تصویر امنیتی جدید

کتابهای منتشر شده

رویدادهای مهم در تاریخ تورکمن

شخصیت های مهم تورکمن

بیاد جانباختگان جنبش ملی تورکمن

  • توماج
    توماج
  • حاج محمد آخوندی
    حاج محمد آخوندی
  • جلیل ارازی
    جلیل ارازی
  • محمد اراز بهنام
    محمد اراز بهنام
  • حکیم شهنازی
    حکیم شهنازی
  • پرویز ایران پور
    پرویز ایران پور
  • سافارگل خالدزاده
    سافارگل خالدزاده
  • نورقلی پور
    نورقلی پور
  • سلیمان محمدی
    سلیمان محمدی
  • حمید یگن محمدی
    حمید یگن محمدی
  • عبدالله قزل
    عبدالله قزل
  • دورت لر
    دورت لر
  • رحمان بردی ندیمی
    رحمان بردی ندیمی
  • بهروز آخوندی
    بهروز آخوندی
  • انین گوگلانی
    انین گوگلانی
  • آرچا بصیری
    آرچا بصیری
  • قربان شفیقی
    قربان شفیقی
  • آتا خانجانی
    آتا خانجانی
  • حمید فرجاد
    حمید فرجاد
  • بهمن ایزدی
    بهمن ایزدی
  • توماجی پور
    توماجی پور
  • خدایبردی پنق
    خدایبردی پنق
  • صوفی زاده
    صوفی زاده
  • حاللی حاللی زاده (آلغیر)
    حاللی حاللی زاده (آلغیر)
  • عبدالرحمان دلاور اینچه برون
    عبدالرحمان دلاور اینچه برون

نظرات کاربران